Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Gawun baýramyny belleýär


Ýol ugrunda gawun-garpyz satýan oglanlar

Ýol ugrunda gawun-garpyz satýan oglanlar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylary Türkmen gawunynyň güni bilen gutlady diýip, türkmen mediasy habar berýär.

«Biz ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, girdejili pudaga öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýarys» diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, oba hojalygynda tutulýan esasy maksat, ilkinji nobatda ýurtda «azyk bolçulygyny berkitmekden hem-de bäsleşige ukyply, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini daşary ýurtlara ibermekden ybarat».

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, dünýäde hasaba alnan 1600-e golaý gawun görnüşiniň 400-e golaýy türkmen topragy bilen baglanyşykly.

Emma resmi metbugat türkmen gawunlarynyň daşary ýurt bazarlaryna çykarylyşy we ýurda getirýän altyn puly ýa-da şeýle puluň gazanylmagyna böwet bolýandygy aýdylýan emeli päsgelçilikler barada maglumat bermeýär.

Gawun baýramy Türkmenistanda awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde, aýdym-saz dabaralary astynda, türkmen daýhanlarynyň çekýän zähmetini şöhratlandyrmak bilen, giňden bellenilip geçilýär.

Şol bir wagtda türkmen prezidenti soňky wagtlarda daşary ýurtlardan getirilýän gök önümlere kän altyn puluň harçlaýandygyny, ekerançylyk ýerleriniň şorlamagy zerarly gektardan alynýan hasylyň ýyl-ýyldan pese gaçýandygyny boýun alýar.

Eýsem türkmen gawunçylygy ýa-da gawun ýetişdirýän daýhanlar şu günde nähili meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar? Umuman, türkmen gawunlary ýurduň ykdysadyýetinde nähili rol oýnap biljek we bu meselede daýhanlara nähili kömek berilmeli?

Azatlyk radiosy şu we beýleki soraglar bilen ozalky oba hojalyk işgäri Akmuhammet Baýhanowa ýüzlendi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG