Sepleriň elýeterliligi

Yrak güýçleri Mosuly yzyna almaga çalyşýar


Yrak esgerleri

Yrak esgerleri

Kürt milisiýasynyň söweşijileri Yragyň kürtler sebitinde Mosuly «Yslam döwleti» jeňçi toparyndan yzyna almak ugrundaky hüjüme başlady.

14-nji awgustdaky hüjüm ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasynyň ýygjam top oklarynyň we howa zarbalarynyň yz ýanyndan edildi.

Yragyň kürt sebitiniň peşmerga komandiri hüjümiň ilkinji sagatlarynda alty obanyň ele geçirilendigini aýtdy.

Bagdatdan 400 km demirgazykda ýerleşýän Mosul YD-nyň kontrolundaky iň uly şäher we bu ýer jeňçi toparyň Yrakdaky de fakto paýtagty hasaplanylýar.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi bu şäheri şu ýylyň aýagyna çenli yzyna almagy wada berdi.

XS
SM
MD
LG