Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Rio oýunlarynda has kän altyn gazandy


Darýa Klişina

Darýa Klişina

Orsýet Rio oýunlarynda has kän altyn gazandy, emma onuň ýeňil atletikaçysy oýundan çetleşdirildi.

Orsýetiň uzak aralyga böküjisi Darýa Klişina özüniň arassa atletdigini kän gezek subut edendigini we 13-nji awgustda ýeňil atletika guramasynyň gelen kararyndan lapykeç bolandygyny aýtdy.

Ol bu kararyň üstünden Sport boýunça arbitraž suduna şikaýat etdi. Federasiýa Klişinanyň näme üçin gadagan edilendigini aýtmady, emma Klişina munuň giň ýaýran doping galmagaly bilen baglydygyny öňe sürýär.

Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko Klişinanyň gadagan edilmegini «prowakasiýa» diýip atlandyrdy.

Orsýet 13-nji awgustda fehtowaniýa boýunça dördünji altyn medalyny gazandy, Eýran bolsa agyr atletikadan ikinji altyn medalyny utdy.

XS
SM
MD
LG