Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow, Steinmeier 'Demirgazyk akym 2' barada umytly


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s) we Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s) we Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow “Demirgazyk Akym 2” gaz geçiriji proýektine bat bermäge ündäp, ony “Ýewropa Bileleşiginde bar bolan gaz infrastrukturany ösdürmek programmasyna gabat gelýändigini aýtdy”.

Lawrow 15-nji awgustda Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier bilen duşuşygynyň öňýanynda eden çykyşynda “akyl-paýhasyň syýasatdan üstün çykjakdygyna” ynam bildirdi.

Steinmeier ýewropaly şirketleriň proýekte gyzyklanma bildirýändigini we ähli problemalaryň kompaniýalaryň arasyndaky gepleşiklerde çözülmelidigini belledi.

Şu aýyň başynda Orsýetiň Gazprom kompaniýasy we onuň ýewropaly partnýorlary bileleşik baradaky arzasyny yza çekdiler. Bu çäre dolandyryjylaryň planlaşdyrylan bileleşigiň bäsdeşligi çäklendirip biljekdigi baradaky aladalanmalary sebäpli amala aşyryldy.

“Gazprom”, “Anglo-Dutch group Shell”, “OMV”, “Uniper” we “Wintershall” kompaniýalary Baltiýa deňziniň düýbünden turba çekmek proýektiniň güýjünde galýandygyny 13-nji awgustda aýtdylar.

XS
SM
MD
LG