Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe NATO-ny, Ýewropa Bileleşigini tankyt etdi


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu, Ankara

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu, Ankara

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu NATO boýunça käbir partnýorlarynyň enjamlary satmakdan we aňtaw maglumatlary paýlaşmakdan ýüz öwürmegini tankyt etdi we Ýewropa Bileleşigini (ÝB) öz ýurduny “kemsitmekde” aýyplady.

Germaniýanyň “Bild” gazetiniň 15-nji awgustda çap eden interwýusynda Çawuşoglu “ýarag sistemalaryny satyn almakda we satmakda biz beýleki partnýorlar bilen ... işlemeli” diýdi.

Ol Türkiýäniň “NATO-nyň iň uly goldawçylarynyň biri bolmagynda galýandygyny” ýatlatdy we Ankaranyň bileleşigi terk etmeginiň ähtimaldygy baradaky çaklamalar “bizden däl-de, Türkiýä garşy gatlaklardan” çykýar diýdi.

Çawuşoglu Türkiýäniň migrant krizisini çözmek boýunça edýän işlerine garamazdan ÝB-niň Türkiýe üçin wizasyz erkin syýahat düzgünini girizmän ony “kemsidýändigini” belledi.

XS
SM
MD
LG