Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet paralimpik doping gadagançylygyndan şikaýat etdi


Halkara paralimpik komitetiniň (IPC) prezidenti Filip Krawen, Rio de Janeiro, 7-nji awgust, 2016
Halkara paralimpik komitetiniň (IPC) prezidenti Filip Krawen, Rio de Janeiro, 7-nji awgust, 2016

Orsýetiň Paralimpik komiteti Halkara paralimpik komitetiniň (IPC) orsýetli atletleriň 7-18-nji sentýabrda Rio de Janeirodaky oýunlara gatnaşmagyny gadagan etmek baradaky kararyndan şikaýat etdi.

Orsýetiň komitetiniň 15-nji awgustda yglan etmegine görä, Sport boýunça arbitraž suduna (CAS) tabşyrylan arza boýunça işe 21-nji awgustda serediler.

Suduň kararynyň 22-nji awgustda yglan edilmegine garaşylýar.

Şu aýyň başynda Halkara paralimpik komiteti Orsýetiň 270 sportsmenden ybarat toparynyň Olimpiada gatnaşmagyny gadagan etdi we öz kararyny Orsýetiň sportsmenleriň doping ulanmagyny döwlet derejesinde guramalaşdyrmak işine baş goşmagy bilen düşündirdi.

Şol bir wagtda-da Halkara Olimpia komiteti doly gadagançylygy girizmedi. Dopinge garşy halkara agentliginiň Orsýetde sportsmenleriň doping ulanmagyna döwlet edaralarynyň gatnaşmagy baradaky hasabatynyň çap bolmagyndan soň 100-den gowrak orsýetli sportsmen Riodaky Olimpia oýunlaryna gatnaşdyrylmady.

XS
SM
MD
LG