Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Steimeier: Germaniýanyň we Orsýetiň gatnaşyklary 'çykgynsyz' däl


Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Ýekaterinburg, 15-nji awgust, 2016
Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Ýekaterinburg, 15-nji awgust, 2016

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky gatnaşyklarda hiç hili “çykgynsyzlygyň” ýokdugyny aýdyp, Moskwanyň hem Berliniň arasynda ýakyn ýyllarda gatnaşyklaryň gowulanjakdygyny aýtdy.

Steinmeier Orsýetiň daşary işler ministri bilen gepleşikleriň öňüsyrasynda Orsýetiň Ýekaterinburg şäherinde 15-nji awgustda eden çykyşynda gündogar Ukrainadaky konfliktiň soňuna çykmak üçin mümkinçiligiň heniz bardygyny we Minsk parahatçylyk prosesiniň şeýle tagallalaryň üns merkezinde galýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýet we Günbatary “örän agyr döwürde” dartgynlylygy gowşatmak üçin “Orsýet-NATO geňeşiniň döredýän mümkinçiliklerinden” peýdalanmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG