Sepleriň elýeterliligi

Siriýaly gözegçi gurama 32 gozgalaňçynyň öldürlendigini aýdýar


Siriýanyň Idlib regiony, 10-njy awgust, 2016

Siriýanyň Idlib regiony, 10-njy awgust, 2016

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän topar 14-nji awgustda Türkiýe bilen serhediň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň awtobusa eden hüjümi zerarly azyndan 32 sany siriýaly gozgalaňçy söweşijiniň öldürilendigini aýtdy.

“Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi” atly guramanyň 15-nji awgustda aýtmagyna görä, hüjümçi Atmeh serhet geçelgesinden Siriýa gozgalaňçy söweşijileri alyp barýan awtobusda özüni partladypdyr we bu partlama Aleppo şäherinden 40 kilometr uzaklykda ýüze çykypdyr.

Türkiýäniň iki serhetçisiniň hem partlamada wepat bolandygy habar berilýär.

Siriýanyň Idlib regiony prezident Başar al Assada garşy göreşýän we Türkiýe tarapyndan goldanýan oppozision söweşijileriň esasy galasy hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG