Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: Orsýet-Günbatar gatnaşyklarynda ‘dawa-jenjel’ ýok


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Orsýet bilen Günbataryň gatnaşyklarynda "dawa-jenjeliň" ýokdugyny belläp, Moskwa bilen Berliniň arasynaky gatnaşyklar öňümizdäki ýyllarda gowulanar diýdi.

Ol ors kärdeşi Sergeý Lawrow bilen geçiriljek gepleşikleriň öň ýanynda Orsýetiň Ýekaterinburg şäherinde bir uniwersitetde eden çykyşynda gündogar Ukrainada barýan konfliktiň soňuna çykmak üçin entek mümkinçilikleriň bardygyny, Minsk parahatçylyk prosesiniň edilýän tagallalaryň merkezinde durmalydygyny aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri şeýle-de Orsýet bilen Günbatary, "aýratyn-da kynçylykly wagtlarda" dartgynlylygy gowşatmak üçin, "Orsýet-NATO geňeşiniň mümkinçiliklerinden" peýdalanmaga çagyrdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Lawrow mundan bir gün öň žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Berlin bilen bolan dartgynly gatnaşyklarda Orsýet günäkär däl diýdi.

"Demirgazyk akym 2"

Lawrow 14-nji awgustda Ýekaterinburgda geçen bir duşuşykda şeýle diýdi: "Biz Germaniýa bilen bolan gatnaşyklara ýokary derejede üns berýäris. Bu gatnaşyklaryň kynçylykly döwri başdan geçirmegi biziň günämiz däl".

Duşuşykdan öň Lawrow "Demirgazyk akym 2" diýip atlandyrylýan gazgeçiriji proýektinde öňegidişlige çagyryp: "Bu Ýewropa Bileleşiginde bar bolan tebigy gaz infrastrukturasyny ösdürmek baradaky programma laýyk gelýär" diýdi.

Orsýetiň daşary işler ministri bilen Germaniýanyň daşary işler ministriniň Ýekaterinburgdaky gepleşikleri tebigy gaz barada bolsa-da, onuň Siriýadaky we Ukrainadaky konfliktler ýaly meseleleri hem öz içine almagyna garaşylýar.

Orsýetiň Krym ýarymadasyny basyp almagy we gündogar Ukrainada 9500-den agdyk adamynyň başyna ýeten uruşda separatistleri goldamagy Moskwanyň Ýewropa Bileleşigi bilen aradaky gatnaşyklaryna agyr zarba urdy.

“Diwersantlary iberýär”

Ukrainanyň içerki işlerine gatyşmagy sebäpli Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalarda Ýewropa Bileleşiginiň iň güýçli döwleti bolan Germaniýa möhüm rol oýnaýar.

Öten hepde Orsýetiň, hüjümleri gurnamak üçin Kryma "diwersantlary" iberýär diýip, Ukrainany aýyplamagy Krymyň töweregindäki dartgynlylygy has-da artdyrdy. Ukraina bolsa bu aýdylanlary manysyz diýip, ret edýär.

Günbatar ýurtlarynyň bellemegine görä, Orsýetiň bu aýdýanlaryny tassyklaýan subutnamalar köp däl. Käbir analizçileriň pikiriçe bolsa, bu gündogar Ukrainada barýan urşuň soňuna çykmak boýunça edilýän tagallalarda üstünlik gazanmak üçin Orsýet tarapyndan ulanylan pirim.

2015-nji ýylyň fewralynda [gündogar Ukrainada barýan] atyşyklary bes etmek boýunça gelnen ylalaşyga Germaniýa araçylyk etdi. Ýöne bu ylalaşyk doly ýerine ýetirilmän gelýär.

Agzalan iki ýolbaşçynyň Siriýa krizisi boýunça-da özara pikir alyşmagyna garaşylýar.

Steinmeier Germaniýanyň "Welt am Sonntag" gazetine beren interwýusynda Siriýanyň gabawdaky şäheri Aleppo gyssagly ynsanperwer kömek gerekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG