Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa: Orsýet Eýrandaky söweş uçarlaryny ulandy


Orsýetiň Tu-22M3 kysymly söweş uçary, Siriýa

Orsýetiň Tu-22M3 kysymly söweş uçary, Siriýa

Orsýetiň harbylary Siriýada amala aşyran howa hüjümlerinde ilkinji gezek Eýranda ýerleşýän söweş uçarlaryny ulandylar, diýip Orsýetiň döwlet mediasy habar berdi.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň 16-njy awgustda aýtmagyna görä, howa hüjümlerini Eýranyň Hamadan howa meýdanynda ýerleşýän uzak aralyga niýetlenen Tu-22M3 kysymly uçarlary we Su-34 kysymly söweş uçarlary amala aşyrypdyr.

Ministrlik howa hüjümleriniň “Yslam döwleti” toparynyň Siriýanyň demirgazyk regionlarynda ýerleşýän obýektlerini, şol sanda ýarag saklanýan ýerlerini we türgenleşik merkezlerini üstünlikli nyşana alandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG