Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Başa barmadyk synanyşyk Ankarany Günbatardan daşlaşdyrýar


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. 7-nji awgust, 2016 ý.

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. 7-nji awgust, 2016 ý.

Türkiýede 15-nji iýulda döwleti agdarmak boýunça edilen synanyşygyň netijeleriniň tolkuny ýurduň öz içinde we ondan has uzaklarda hem entek ýatanok. Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bu synanyşygyň günäsini Pensilwaniýada ýaşaýan ruhany Fethullah Güleniň üstüne ýükledi. Başa barmadyk synanyşyk şol bir wagtyň özünde-de Türkiýe bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyga edilen basyş boldy. Bu ýaranlyk ýaramazlaşdygyça ol Orta Gündogarda regional howpsuzlyga, Siriýadaky krizise, geosyýasy deňagramlylyga, şeýle-de "Yslam döwleti" ýaly terroristik toparlaryň garşysyna alnyp barylýan söweşlere çynlakaý täsir eder.

Türkiýede synanyşygyň netijeleriniň dowam etmesi Türkiýäniň döwlet institusiýalaryna howp salýar. Türkiýede "Gülençi terroristik gurama" (FETO) diýlip, 2015-nji ýylda gadagan edilen Gülen hereketi bilen ilteşiklilikde güman edilýän 80 müňe golaý adam döwlet edaralaryndaky wezipelerinden çetleşdirildi. Bularyň takmynan 45 müňi Magaryf ministrliginiň işgärleri. Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdag 18 müň adamynyň resmi taýdan tutulandygyny, ýene 6 müň adamynyň hem sud işine garalýandygyny bildirdi.

Gowuşýan habarlarda Türkiýäniň tussaghanalarynyň adamdan doludygy aýdylýar. Ýaňy ýazda hem türk türmelerinde 188 müň adam saklanýardy. Indi bolsa onuň üstüne ýene on müňlerçe tussag goşuldy. Tutulanlaryň takmynan 3 müňi prokurorlar we kazylar. Onsoň türk sudlarynyň we tussaghanalarynyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy belli zat. Prezident Erdoganyň bularyň aýsbergiň diňe çür depesidigini aýtmagy hem öňümizdäki günlerde ýene köp adamlaryň tutuljakdygyny çaklamaga esas döredýär.

Başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyndan ozal...

Erdogan ýurdy özüniň şahsy kontrollygynda saklamak boýunça iş alyp barýar. Onuň hökümetine gönükdirilen her bir tankydyň bu duzaga düşmegi mümkin. Yglan edilmegi diňe prezident tarapyndan mümkin bolan adatdan daşary ýagdaýyň düzgünleri boýunça häkimiýetler islän adamlaryny subutnamasyz ýa günä bildirmän 30 günläp saklap bilýärler. Häzir 77 žurnalist türmede otyr. Olaryň 42-si döwleti agdarmaga edilen synanyşyk bilen baglylykda tutulan adamlar. Ýöne tutulan žurnalistleriň hakyky sanynyň mundan has ýokary bolmagy ähtimal. Sebäbi ýerli habarçylaryň tutulmagy Türkiýede köplenç hasaba alnanok.

Görkezmelerde bellenilişine görä, tussag edilen žurnalistlerden ýazan makalalary, tweetleri ýa kitaplary hakda sorag edilipdir, ýöne häkimiýetler tarapyndan olaryň başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy bilen ilteşikleriniň bardygyny görkezýän subutnama getirilmändir. Kürt žurnalistleri Gülen bilen ilteşikleri bolmasa-da tutulýarlar.

Başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyndan ozal Türkiýäniň syýasatçylary, liderleri, ýokary derejeli bürokratlary Güleniň alkyşyny almak ugrunda jan edýärdiler. Netijede indi Türkiýäniň syýasy partiýalarynyň her bir agzasynyň Güleniň hereketi ýa FETO-nyň agzasy, ýa ýarany diýlip tutulmak ähtimallygy ýok däl. Mysal üçin Stambulyň öňki häkimi Huseýin Awny Mutlu FETO-nyň agzasy diýlip tutuldy. Ol 2012-nji ýylda Gülen bilen gürleşendigini boýun aldy.

Indi tussag edilen žurnalistleriň käbiri, adam hukuklaryny goraýan adwokatlaryň köpüsiniň tutulandygy ýa gaçyp ýörendigi sebäpli, aklawçy tapmakda-da kynçylyk çekýärler.

Metbugatyň basylyp ýatyrylmagy

Türkiýede metbugat erkinligi hiç haçan bolmandy. Ýöne geçmişde Türkiýäniň güýçli guramalaryna degişli belli bir derejede garaşsyz gazetler türk jemgyýetiniň dürli böleklerine wekilçilik edip bilýärdiler. Erdogan öz güýç-gudratyny pugtalandyryp, Türkiýäniň bäsdeşsiz syýasy baştutanyna öwrülensoň, metbugatyň erkinligi we metbugatdaky çekişmeleriň orny daraldy. "Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň bellemegine görä, [metbugat azatlygy meselesinde] Türkiýe 2015-16-njy ýyllarda 184 ýurduň arasynda 151-nji orna gelip, Orsýetden-de peseldi.

Başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyndan soňra ýurtda ýagdaý has-da ýaramazlaşdy. 27-nji iýulda Erdoganyň köşgi tarapyndan çykarylan bir perman boýunça 130-dan agdyk media guramasy (telekanallar, žurnallar, gazetler, habar portallary...) gadagan edildi. Dogry, bu neşirleriň köpüsi Gülen hereketi bilen ilteşiklidi, ýöne sanawdaky beýleki metbugat serişdeleriniň ençemesi beýle däldi.

Metbugatyň basylyp ýatyrylmagy Türkiýäni öz günbatar ýaranlaryndan daşlaşdyrdy.

Başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy, Erdoganyň 16-njy iýulda Atatürk aeroportunda aýdyşy ýaly "Hudaýyň beren sowgady", harbylaryň hataryny "garakçylardan" ýa "wiruslardan" arassalamak üçin kömek bolup geldi. Ýöne döwlet edaralaryndan "arassalanýanlar" diňe gülençiler däl ýaly bolup görünýär.

Assadyň ykbaly

Erdoganyň halkara abraýyna seredeniňde, ähli zadyň ýalňyş ýola düşen ýyly 2013-nji ýyl bolsa gerek.

Şol wagtky premýer-ministr Edogan 2013-nji ýylyň maýynda Ak tamda uly sylag bilen garşy alyndy. Ýöne nähili hoşamaýlyk görkezilse-de, esasy mesele, ýagny Siriýadaky krizise nähili reaksiýa görkezmelidigi hakda liderler özara ylalaşyp bilmediler. Bu wizitden iki hepde soňra Gezi seýilbagy protestleri turdy. Erdoganyň protestleri basyp ýatyryşy dünýä derejesinde, şol sanda Birleşen Ştatlar we beýleki günbatar döwletleri tarapyndan-da ýazgaryldy. Şeýlelikde Erdoganyň reformaçy güler ýüzi awtoritar yslamçy lideriň ýüzüne öwrüldi. Ikiçäk gepleşiklerde amerikan prezidenti Barak Obama tarapyndan berlen duýduryşlara garamazdan, Erdogan özüniň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada garşy ähli söweşijileri, şol sanda jyhadçylary-da, goldamagy dowam etdirdi.

Siriýa, Assadyň ykbaly, "Yslam döwleti" atly topara jogap bermek we siriýaly kürtler baradaky garaýyşlar hakda Birleşen Ştatlar bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlylyk dowam etdi. 2015-nji ýylyň 7-nji iýunynda geçen saýlawlarda Erdoganyň "Adalat we galkynyş" partiýasy köplük sesi almagy başarmansoň, türk hökümeti "Yslam döwletine" garşy operasiýalar üçin Injirlik howa bazasyny Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky ýaranlyga açmak kararyna geldi.

Köp synçylar bu Türkiýäniň Günbatar bilen bolan gatnaşygynda öwrülişik nokady bolar diýip pikir etdiler. Ýöne bu uzaga çekmedi. Türkiýe gadagan edilen we Birleşen Ştatlar, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristik gurama diýlip ykarar edilýän "Kürdüstanyň işçiler partiýasy" (PKK) garşy söweşe täzeden başlady. Şol bir wagtyň özünde-de howa bazasy Injirligi "Yslam döwleti" atly topara garşy [harby] operasiýalara açdy.

Erdoganyň Siriýa baradaky syýasaty

Amerika tarapyndan terroristik gurama diýlip, ykrar edilmeýän we Waşingtonyň "Yslam döwletine" garşy strategiýasynda esasy rol oýnaýan siriýanyň kürt topary PYD we onuň harby ganaty YPG barada hem Ankaranyň garaýyşlary has gatady. Erdogan PYD bilen PKK-nyň arasynda tapawut ýok, hiç kim "bir terrorist gowy, beýlekisi erbet" diýip bilmez. Haýsydyr bir terroristik gurama "Yslam döwletine" garşy söweşýär diýip, oňa kanunylyk berip bolmaz diýdi.

Erdogan Birleşen Ştatlar bilen Günbatardan özi bilen ylalaşmagy sorady. Amerika bolsa tersine, "Yslam döwletine" garşy söweşde siriýaly kürtlere berýän goldawyny Injirlikde alnyp barylýan operasiýalar arkaly güýçlendirdi. Başga sözler bilen aýdanyňda, Erdogan PYD/YPG-ni terroristik guramalar diýip ýazgarýarka, Birleşen Ştatlar şol toparlara türk topragyndan howadan berýän kömegini ýaýbaňlandyrdy.

Erdoganyň Siriýa baradaky syýasaty türk jemgyýetçiligi tarapyndan asla halananok. Serhediň aňrysyndaky krizis giň gerimli graždanlyk urşuna ýazyp, millionlarça siriýaly pena gözläp Türkiýä gelende, muňa Erdoganyň Siriýa boýunça alyp baran syýasaty jogapkär edilip görkezildi. Erdogan çet ýurtly liderleri, şol sanda Siriýanyň prezidenti Assady, Müsüriň lideri Abdel Fattah al-Sisini, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuny günäkärläp, saýlawçylaryň bu ugurdaky pikirlerini ökdelik bilen üýtgetdi. Ýurdy dünýewiler bilen konserwatiwler, alewiler bilen sünnüler, türkler bilen kürtler diýip bölmek bilen, Erdogan her bir halatda dürli toparlaryň agzyny alardyp, höküm sürmegi başardy.

PKK bilen aradaky uruş, "Yslam döwletiniň" Türkiýäniň içindäki obýektleri bombalamagy-da ýurduň içki meseleleriniň üstüne urna boldy. "Yslam döwleti" ilki 2015-nji iýun saýlawlaryndan öň we olardan soňra hem kürtleri nyşana aldy. Ondan soňra ýanwar aýynda Sultanahmetde turistlere hüjüm etdi. Başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyndan iki hepde öň, 29-njy iýunda, Stambulyň Atatürk aeroportunda bomba partlap, ençeme adam öldi.

“Amerika ýatyr...”

Türkiýäniň ozal hem berk bolmadyk düzgüni 15-nji iýuldan bäri gitdigiçe gowşamak bilen. Erdogan indi hem içerde, hem regional derejede uly kararlara gelmeli. Gelinmeli ilkinji karar onuň demokratik institusiýalara, oppozision toparlara haçana çenli basyş etjekdigi. Ol bu ýoly dowam etdirse, Türkiýäniň ykdysady we syýasy taýdan peselmegine we ýurdy mundan hem beter durnuksyzlyga getirmegi mümkin.

Görnüşine görä, Erdogan aşa gaharda, ilkinji nobatda hem başa barmadyk döwlet agdarylyşygyndan soňra Türkiýäniň graždan häkimiýetlerine duýgudaşlyk etmänligi üçin Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa Bileleşigine gaharda. Döwlet mediasynda we hökümet ministrleri tarapyndan açyk, häli-şindi diýen ýaly döwleti agdarmaga edilen synanyşygyň aňyrsynda Amerika ýatyr diýilmegi, Türkiýe bilen Günbataryň aragatnaşygynyň dartgynlydygyny görkezýär. Türkiýäniň Amerika garşy we Günbatara garşy ritorikany haçana çenli dowam etdirip, Birleşen Ştatlar we Ýewropa bilen ýaranlykda galjakdygy belli däl. Güleniň Pensilwaniýada bolmagynyň hem gatnaşyklary kynlaşdyrýandygy şübhesiz.

Gülen ekstradisiýa edilmese, Erdogan ýüzüni Waşington bilen Brýusseliň deregine Moskwa bilen Tährana öwrermikä? Orsýet bilen Eýran Günbataryň ýerini, dogrudanam, dolduryp bilermi? Erdogan, dogrudanam, Türkiýäniň ýüzlerçe ýyllap Günbatar bilen bolan baglaryny we NATO bilen bolan 70 ýyllyk taryhyny goparyp taşlarmyka? Bu günler Türkiýäniň telewideniýesiniň habarlarynda we çaýhanalarda häli-şindi berilýän soraglar, ine, şular.

XS
SM
MD
LG