Sepleriň elýeterliligi

Baku: Guleniň tarapdarlaryna garşy jenaýat işi gozgaldy


Fethullah Gulen

Fethullah Gulen

Azerbaýjan türkiýeli dinçi Fethullah Guleni goldaýanlara garşy jenaýat işlerini gozgandygyny mälim etdi. Ankara Guleni geçen aýda başa barmadyk harby agdarylyşygy gurnamakda aýyplaýar.

“Fethullah Guleniň terrorçy guramasynyň tarapdarlarynyň Azerbaýjanyň territoriýasynda bikanun hereketleriniň öňüni almak maksady bilen Baş prokuratura jenaýat işini gozgady” diýip metbugat-wekili Eldar Sultanow AFP agentligine aýtdy.

ABŞ-da ýaşaýan Gulen 15-nji iýulda Türkiýede harbylardan ybarat toparyň prezident Rejep Taýyp Erdogany häkimiýet başyndan çetleşdirmek synanyşygyny amala aşyrmagyna görkezme bermekde aýyplanýar.

Azerbaýjan geçen aýda Gulen bilen interwýuny görkezmegi planlaşdyran hususy telekanaly ýapdy we öz kararyny “Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasyndaky strategiki partnýorlyga zeper ýetirmek maksatly prowokasiýalardan gaça durmak” islegi bilen düşündirdi.

Guleniň “Hizmet” hereketi postsowet ýurtlaryň ençemesinde mekdepleri maliýeleşdirdi. Ençeme ýurtda, şol sanda Türkmenistanda şeýle mekdepler soňky aýda ýapyldy.

XS
SM
MD
LG