Sepleriň elýeterliligi

RIO: Özbegistanly ştangaçy altyn medal gazandy


2016 Rio Olympics Weightlifting - Final - Men's 105kg - Riocentro

2016 Rio Olympics Weightlifting - Final - Men's 105kg - Riocentro

Özbegistanly ştangaçy Ruslan Nurudinow Riodaky Olimpia oýunlarynda altyn medal gazandy. 105 kilogram agramly sportsmenleriň toparynda çykyş eden Nurudinowyň gazanan bu baýragy agram çekmek boýunça sport görnüşlerinde Özbegistana ilkinji altyn medal getirdi.

24 ýaşly Nurudinow 431 kilogram möçberde agram götermegi başardy. Bu görkeziji kümüş medal gazanan ermenistanly Simon Martirosyanyň göteren agramyndan 14 kilogram artyk boldy.

2013-2015-nji ýyllarda doping sebäpli ýaryşlardan çetleşdirilen gazagystanly Aleksandr Zaiçikow 416 kilogramlyk agram göterip, bürünç medala eýe boldy.

Dünýä çempiony gazagystanly Ilýa Ilýiniň altyn medala eýe boljagyna garaşylypdy. Emma Ilýin 2008-nji we 2012-nji ýyllaryň ýaryşlarynda geçirilen doping testleriniň gaýtadan barlanmagynyň netijesinde synagdan geçip bilmedi.

XS
SM
MD
LG