Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Türkmen dili mugallymlary synagdan geçýär


Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda mugallym bolup işe girmek isleýänlerden, ilkinji gezek türkmen dilinden synag alyndy.
Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda mugallym bolup işe girmek isleýänlerden, ilkinji gezek türkmen dilinden synag alyndy.

Owganystanyň esasy kanunynda türkmen dili 3-nji ýerli resmi dil hökmünde kabul edildi. Şondan soňra Owganystanyň Magaryf ministrligi tarapyndan okuw kitaplary türkmen dilinde çap edildi.

Türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Demirgazyk Owganystanyň mekdeplerinde okuwçylara türkmen dilinde-de tälim berer ýaly, mugallymlaryň ýeterlik däldigi aýdylýardy. Şonuň üçin Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda mugallym bolup işe girmek isleýänlerden, ilkinji gezek türkmen dilinden synag alyndy.

Türkmen dilinde sapak berjek mugallymlar türkmen dilinden sygandan geçmeli bolarlar. Bu düzgün Owganystanyň taryhynda ilkinji gezek ýola goýuldy. Özbekleriň hem türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan Demirgazyk Owganystanyň beýleki welaýatlarynda-da şeýle çäre geçiriler diýip, ýerli resmiler umyt bildirýärler.

Jöwüzjan welaýatynyň magaryf bölüminiň müdiri Geldimyrat han Azatlyk radiosyna şeýle diýdi.

– Türkmen dili hem 3-nji resmi dildir. Şol sebäpden welaýatyň magaryf edarasy mugallymçylyk wezipesine kandidatlardan türkmen dilinde synag almak kararyna geldi. Jöwüzjan welaýatynyň Döwlet uniwersitetinde türkmen dili departamenti bar. Şony tamamlanlar türkmen obalaryndaky mekdeplerde okuwçylara türkmen dilinde bilim berer.

Welaýatyň Garkyn etrabynyň magaryf edarasynyň wekili Haknazar Tewekkelliniň aýtmagyna görä, synagdan geçen mugallymlar etraplarda okuwçylary 6-njy synpa çenli türkmen dilinde okadar. ‘Mekdeplerde türkmen kitaplary ýeterlik bar’ diýip, Haknazar aýtdy.

Jöwüzjan welaýatynyň aýallar boýunça edarasynyň işgäri hanym Selimäniň aýtmagyna görä, mugallymçylyk üçin türkmen aýal-gyzlary-da synagdan geçipdir.

Mugallymçylyk wezipesine saýlanan aýal mugallymlar obalarda okuwçylara türkmen dilinde tälim berer. ‘Synagdan geçen aýal-gyzlaryň sany az. Şoňa garamazdan, Jöwüzjan welaýatynda bilimli türkmen aýal-gyzlary üçin birinji gezek şeýle mümkinçilik döreýär’ diýip, hanym Selime aýdýar.

XS
SM
MD
LG