Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Eýrandan Siriýa howa zarbalaryny amala aşyrdy


14-nji awgustda Orsýetiň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýaýradylan surat.
14-nji awgustda Orsýetiň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýaýradylan surat.

Orsýetiň döwlet mediasynyň bildirmegine görä, ýurduň harbylary Siriýada urýan howa zarbalary üçin ilkinji gezek Eýranda ýerleşdirilen söweş uçarlaryny ulanypdyrlar.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 16-njy awgustda urlan zarbalary Eýranyň ”Hamadan” howa meýdanynda ýerleşdirilen TU-22M3 we SU-34 kysymly bombalaýjy uçarlaryň amala aşyrandygyny habar berdi.

Ministrlik zarbalarda "Yslam döwleti" atly toparyň Siriýanyň üç demirgazyk welaýatyndaky desgalarynyň, şol sanda gorhanalarynyň we türgenleşik lagerleriniň nyşana alnandygyny aýtdy. Aýdylyşyna görä, hüjümler üstünlikli geçipdir.

Merkezi Nýu-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklary guramasy Human Rights Watch (HRW) 16-njy awgustda Orsýet bilen Siriýany bilelikde alyp barýan harby operasiýalarynda parahat ilatly ýerlerde ýandyryjy ýaraglary ulanýanlykda aýyplady. Gurama geçen 6 hepdäniň içinde howadan taşlanýan ýandyryjy bombalaryň azyndan 18 gezek ulanylandygyny aýdýar.

Himiki ýaraglar

HRW himiki ýaraglar baradaky konwensiýada durýan ýurtlary 29-njy awgustda Ženewada duşuşanlarynda bu işi ýazgarmaga çagyrdy.

Bu aralykda Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Moskwa bilen Waşingtonyň Siriýanyň gabawdaky şäheri Halapda (Aleppoda) gumanitar krizisi ýeňletjek ylalaşyga golaýlap gelýändiklerini aýtdy.

Ol 15-nji awgustda "Rossiýa 24" telekanalyna beren interwýusynda şeýle diýdi: "Biz ädimme-ädim ylalaşyga golaýlap gelýäris. Men diňe Aleppo barada aýdýaryn. Bu iş bize bu territoriýa, uzak wagtlap ejir çeken ýurda asudalyk getirip, adamlaryň öýlerine dolanyp gelmegi üçin bilelikde göreşe başlamagymyza mümkinçilik döreder".

Şoýgu soňra hem Orsýetiň wekilleri "biziň amerikan kärdeşlerimiz bilen işjeň gepleşikde" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Siriýanyň iň uly şäheri we bir wagt onuň söwda merkezi bolan Aleppo ugrundaky söweş ýurtda indi alty ýyl bäri dowam edýän graždanlyk urşunyň özenine öwrüldi.

“Ylalaşyk golaý däl”

Ýöne Amerikanyň resmileri ylalaşyk golaý diýenoklar.

"Häzirki wagtda yglan eder ýaly zadymyz ýok. Biz ors resmileri bilen ýakyn gatnaşykda durýarys" diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Elizabet Trudeau aýtdy,

Orsýet bilen Birleşen Ştatlar Siriýada köpräk hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşik geçirip gelýärler. Ýöne militant toparlary nyşana almakda welin gelnen ylalaşyk ýok.

Orsýet Amerika Siriýanyň oppozision toparlaryny ”Al-Kaýda” bilen ilteşikli ”Nusra Frontunyň” kontrollygyndaky regionlardan çekilmäge yrjak bolanok diýip, Birleşen Ştatlary tankytlaýar.

Şoýgu ors telekanalyna beren interwýusynda Siriýadaky ekstremistler köplenç Amerika tarapyndan aram hasaplanylýan toparlaryň ýakynynda ýerleşýärler diýdi.

15-nji awgustda Gyzyl Haç Jemgyýetiniň halkara komitetiniň başlygy Peter Maurer Aleppo ugrunda barýan söweşi häzirki döwürde iň weýrançylykly konfliktleriň biri diýip atlandyrdy.

Gyzyl Haç Jemgyýeti uruşýan taraplary Halapda (Aleppoda) iýmitsizlikden we arassa suwuň ýoklugyndan ejir çekýän adamlara kömek ýetirmekleri üçin ynsanperwer guramalara ýol bermäge çagyryp gelýär.

Şoýgu Orsýetiň Aleppo kömek iberendigini we dargan suw desgalaryny täzeden gurmaga ýardam berýändigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Aleppoda häzir-de 700 müň adam ýaşaýar. Şäheriň gündogar böleginiň ýaşaýjylaryny "ýaragly toparlar zamunlykda saklapdyr".

XS
SM
MD
LG