Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gämileriň çaknyşmagyndan soň Bosfor bogazy ýapyldy


Bosfor
Bosfor

Türkiýäniň Bosfor bogazy ýük gämisiniň serhet gözegçiliginiň gämisi bilen çaknyşandan soň ýapyldy.

Stambulyň häkimiýetleri 17-nji awgustda ýüze çykan heläkçilikde alty adamyň halas edilendigini aýtdylar, emma strategiki taýdan ähmiýetli suwüsti ýolunyň näçe wagtlap ýapyk saklanjagy barada habar berilmedi.

Global nebit üpjünçiliginiň 3% çemesi her ýylda Bosfor bagazyndan geçýär. Şeýle-de bu galla daşaýan gämileriň esasy ýoly bolup, Gara deňzi Ortaýer deňzi bilen birleşdirýär.

XS
SM
MD
LG