Sepleriň elýeterliligi

Orsýet "Başneftiň" söwdasyny yza tesdirdi


“Başneft” kompaniýasynyň Buzowýazowskoýe nebit ýatagy

“Başneft” kompaniýasynyň Buzowýazowskoýe nebit ýatagy

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew “Başneft” nebit kompaniýasynyň hususylaşdyrylmagyny yza tesdirdi, diýip onuň metbugat-wekili garaşylmadyk bu çäräniň prezident Wladimir Putiniň makullandygyny habar berdi.

Metbugat-wekili Natalia Timakowa 16-njy awgustda eden çykyşynda “Başneftiň” satuwynyň näçe wagtlyk yza tesdirilendigini aýtmady.

Bu söwdanyň şu ýylky hususylaşdyryş programmasynda esasy orun tutmagyna we hökümetiň maliýe difisitini azaltmak üçin üç milliard dollar getirmegine garaşylýar. Emma munuň Orsýetiň iň täsirli resmileriniň arasyny açmagy hem ähtimal.

Soňky hepdelerde Orsýetiň “Rosneft” döwlet nebit kompaniýasynyň dolandyryjy ýolbaşçysy Igor Seçin öz kompaniýasynyň gatnaşmagyna rugsat berilmegini soransoň, “Başneftiň” söwdasynyň daşynda dartgynlylyk güýçlendi.

Medwedew “Başneftiň” emläginiň aglaba böleginiň ýerleşýän ýeri Başkortostan respublikasynyň ýolbaşçysy Rustem Hamitowyň söwdany ýatyrmagy ýa-da yza tesdirmegi soramagyndan soň kompaniýanyň satylmagyny yza tesdirdi.

Orsýet “Başneftiň” aksiýalarynyň 50% satuwa çykaryp, nebitiň bahasynyň pese gaçmagynyň netijesinde azalan girdejilerini köpeltmegi planlaşdyrypdy.

XS
SM
MD
LG