Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe türmeleri boşatmak üçin tussaglary goýberýär


Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdag
Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdag

Türkiýe geçen aýda başa barmadyk agdarylyşykdan soň amala aşyrylan köpçülikleýin tussag edişlikler sebäpli “gözegçilik astynda boşatmak” programmasynyň çäginde 38 müň tussagy boşatmagy planlaşdyrýar.

Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdag tussaglary boşatmak barada hökümetiň karar edendigini 17-nji awgustda Twitter arkaly habar berdi.

Ol bu çäräniň 1-nji iýula çenli jenaýat edenler babatynda ulanyljakdygyny we adam öldürmek, terrorizm we döwlet howpsuzlygyna wehim salmak ýaly jenaýatlara baş goşanlara degişli bolmajagyny belledi.

Bozdag bu çäräniň “amnistiýa” däldigini aýtdy.

Türkiýäniň tussaghanalary döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmak boýunça synanyşygyň yzýany 35 müňden gowrak adamyň tussag edilmeginden öň hem çakdan-aşa doludy.

XS
SM
MD
LG