Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Orsýetiň Eýrandaky uçarlary howa zarbalaryny dowam etdirdiler


Orsýetiň Goranmak ministrliginiň ýaýradan suraty Tu-22M3 kysymly uçaryň Siriýada howadan hüjümi amala aşyrýan pursadyny görkezýär, 16-njy awgust, 2016.
Orsýetiň Goranmak ministrliginiň ýaýradan suraty Tu-22M3 kysymly uçaryň Siriýada howadan hüjümi amala aşyrýan pursadyny görkezýär, 16-njy awgust, 2016.

Orsýet Eýranda ýerleşýän söweş uçarlaryny ulanyp, Siriýadaky nyşanlara howadan zarba urmagyny iki gün bäri dowam etdirdi.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, ençeme Su-34 söweş uçary Siriýanyň Deir ez-Zor regionyndaky nyşanlary oka tutmak üçin 17-nji awgustda Hamadan howa bazasyny terk edipdir we aman yzyna dolanypdyr.

Ministrligiň beýannamasynda “150-den gowrak söweşijiniň, şol sanda hakyna tutulan daşary ýurtlularyň öldürilendigi” habar berildi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Kremliň Siriýadaky nyşanlara hüjüm etmek üçin Eýrandaky bazalaryny ulanmagynyň BMG-niň rezolýusiýasyna ters gelýändigi barada aýdanlaryny ret etdi.

Moskwanyň 16-njy awgustda başlan bu howa hüjümleriniň yzýany ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Mark Toner operasiýanyň Eýrana söweş uçarlaryny ibermegi gadagan edýän rezolýusiýa ters gelýändigini aýtdy.

17-nji awgustda Eýranyň parlamentiniň metbugat-wekili Ali Larijani Orsýetiň Eýranda hemişelik harby bazasynyň ýokdugyny aýtdy, emma Eýranyň “Orsýet bilen gowy hyzmatdaşlygynyň bardygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG