Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rio: Ermenistan, Gürjüstan altyn medal gazandy


Artur Aleksanýan, Rio de Janeiro, 16-njy awgust, 2016.
Artur Aleksanýan, Rio de Janeiro, 16-njy awgust, 2016.

Ermenistany, Gürjüstany, Serbiýany we Ukrainany öz içine alýan ençeme ýurt 16-njy awgustda Riodaky Olimpia oýunlaryna özleriniň ilkinji altyn medalyny gazandylar, emma wakalaryň käbiri gapma-garşylyksyz bolmady.

98 kilogram agramly sportsmenleriň arasyndaky jemleýji tapgyrda Ermenistanly Artur Aleksanýan kubaly Ýasmany Daniel Lugo Kabreradan üstün çykdy we altyn medala eýe boldy.

Aleksanýanyň 16-njy awgustda gazanan ýeňişi Ermenistana 20 ýylyň dowamynda ilkinji altyn medal getirdi.

Aleksanýan baýrak gowşurmak dabarasynda Azerbaýjan bilen söweşleriň dowamynda ermeni esgeriň suraty çekilen köýnegi geýip çykdy we köpleri geň galdyrdy.

“Men öz ýeňişimi serhetlerimizi goran ermeni esgerlere we bölünen Daglyk Garabag regionynyň üstünde Azerbaýjan bilen 1990-njy ýyllaryň urşunda wepat bolan ähli adamlara bagyşlaýaryn”, diýip Aleksanýan aýtdy.

Gürjüstanly ştangaçy Lasha Talakhadze 105 kilogram agramly sportsmenleriň toparynda 16-njy awgustda altyn medal gazandy.

XS
SM
MD
LG