Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan hem Gürjüstan Rioda ilkinji altyn medaly gazandylar


Ermenistanly sportsmen Artur Aleksanýan.

Ermenistanly sportsmen Artur Aleksanýan.

Ermenistan, Gürjüstan, Serbiýa we Ukraina ýaly birnäçe döwlet 16-njy awgustda Riodaky Olimpia oýunlarynda özleriniň ilkinji altyn medalyny gazandylar. Muňa garamazdan, käbir gapma-garşylyklar hem ýüze çykdy.

Erkekleriň arasynda 98 kilogram agrama çenli kategoriýanyň jemleýji tapgyrynda ermenistanly Artur Aleksanýan kubaly Ýasmany Daniel Lugo Kabreradan üstün çykdy we altyn medala eýe boldy.

Aleksanýanyň 16-njy awgustda gazanan ýeňşi Ermenistana 20 ýylyň dowamynda ilkinji altyn medal getirdi.

Baýrak gowşurmak dabarasynda, Aleksanýan şu ýylyň aprel aýynda Azerbaýjan bilen söweşleriň dowamynda heläk bolan ermeni esgeriniň suraty çekilen köýnegi geýip çykanda, köpleri geň galdyrdy.

Ýeňşimi ermeni esgerlerine bagyşlaýaryn”

“Men öz ýeňşimi serhetlerimizi goran ermeni esgerlere we bölünen Daglyk Garabag regionynyň üstünde Azerbaýjan bilen 1990-njy ýyllaryň urşunda wepat bolan ähli adamlara bagyşlaýaryn” diýip, Aleksanýan aýtdy.

16-njy awgustda gürjüstanly ştangaçy Laşa Talakhadze erkekleriň arasynda 105 kilogram agrama çenli kategoriýa altyn medal gazandy.

Bu aralykda, ukrainaly sportsmen Oleh Wernýaýew Rioda geçýän tomusky Olimpia oýunlarynda sport gimnastikasynyň goşa brus ugry boýunça şahsy ýaryşynda öz ýurduna ilkinji altyn medaly getirdi.

Wernýaýew amerikaly sportsmen Danell Leýwany ýeňip, altyn medaly utan mahaly, orsýetli Dawid Belýawskiý bürünç medala eýe boldy.

Türkmen türgenleri

Bu Wernýaýewiň Rio oýunlaryndaky ikinji medaly bolup, ol geçen hepde kümüş medala mynasyp bolupdy.

16-njy awgustda grek-roman göreşi boýunça erkekleriň arasynda 66 kilogram agrama çenli kategoriýada serbiýaly sportsmen Dawo Stefanek Olimpia ermenistanly Migran Arutýunýany ýeňip, öz ýurduna Riodaky oýunlarda ilkinji altyn medaly getirdi.

Şol bir wagtda, Hytaý Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän Olimpia oýunlarynyň 11-nji gününde suwa çümmek ugrunda medallaryň sany boýunça öz agalygyny saklap gelýär.

Şeýle-de, 16-njy awgustda amerikaly gimnastikaçy Simone Biles ýene bir altyn medal gazanyp, Riodaky oýunlarda özüniň dördünji altyn medalyna mynasyp boldy. Onuň topardaşlary Ali Raisman kümüş, britaniýaly gimnastikaçy Amy Tinkler bürünç medaly utdular.

Bu aralykda, 16-njy awgustda erkekleriň arasynda 105 kilogram agrama çenli kategoriýada türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew hem çykyş etdi.

17-nji awgustda Riodaky Olimpia oýunlarynda türkmen toparynyň düzüminden ýekedaban zyňmak boýunça türgen Amanmyrat Hommadow çykyş edýär.

XS
SM
MD
LG