Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hyjaply musulmanlaryň iş arzalaryna seredilmeýär"


Hyjaply zenan.
Hyjaply zenan.

Britaniýanyň jemgyýetçilik palatasynyň “Zenanlar we raýdaşlyk” komitetiniň geçiren barlaglarynyň netijesi, käbir aýal-gyzlaryň gowy işe girmek üçin, hyjapdan ýüz öwürmäge mejbur bolýandygyny görkezýär.

Britaniýanyň mejlisiniň jemgyýetçilik palatasynyň agzalarynyň beýan eden hasabatynda aýdylşyna görä, hyjaply musulman zenanlaryň iş arzalaryna garalman, köplenç gapdala süýşürilýär.

Hasabatda, ylaýta-da hukuk we şoňa meňzeş hünärlerde kämilleşip, ýokary derejelere ýeten ýokary bilimli hünärmen zenanlaryň süýregsiz hem idegsiz galýandygyna üns çekilýär. Muňa sebäp hökmünde öňe sürülýän zat - olaryň "tabynlyga görin we gowşak" häsiýetleriniň bardygy diýilýär.

Jemgyýetçilik palatasynyň “Zenanlar we raýdaşlyk” komitetiniň geçiren barlaglarynyň hasabatynda, käbir zenanlaryň gowy işe girmek üçin hyjapdan ýüz öwürmäge mejbur bolýandygy mälim edilipdir.

Olardan durmuşa çykyp-çykmandygy...

Aýal-gyzlaryn başga bir bölegi bolsa özleriniň bikanun soraglara uçraýandyklaryny aýdypdyrlar. Olara äre çykyp-çykmandygy, çagalarynyň bolup-bolmandygy, çaga isläp-islemeýändigi barada dowamly sorapdyrlar. Hyjaply işgärlere möhüm wezipäniň mynasyp däldigi gönümel ýüzlerine aýdylypdyr. Olaryň uzak möhletli iş saparyna gitmegine maşgalasynyň "rugsat bermejegi" üçin şeýle edilýändigi düşündirilipdir.

Hasabatda, musulman jemagatyndaky işsizlige çözgüt tapylmagy üçin aýgytlaýjy çäreleriň durmuşa geçirilmegine çagyrylýar. Hasabatda şol bir wagtyň özünde musulmanlaryň arasyndaky işsizligiň (12,8%) umumy ilatyň arasyndaky işsizligiň derejesinden (5,4%) iki esse ýokarydygyna aýratyn üns çekilýär. Hasabatda, şeýle ýagdaýyň öňi alynmadyk ýagdaýynda, jemgyýetde adalatsyzlygyň ýokarlanjakdygy bellenilýär.

Jemgyýetçilik palatasy firmalary adamlary "atsyz" iş arzalary esasynda işe kabul etmäge çagyrýar. Çagyryşyň musulmanlar bilen bir hatarda beýleki azlyklara garşy "oňaýsyz tutumy" azaltmagy göz öňünde tutýandygy nygtalýar. Hasabatda, gerek bolan halatynda, kanuna degişli üýtgeşiklikleriň girizilmegi hem maslahat berilýär.

Geçen ýyl ABŞ-nyň prezidenti...

Geçen ýyl ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öz çykyşlarynyň birinde "Tapawudy ýok, Johnnyny işe kabul etmek gepleşigine çagyrmak isleýändigini" aýdypdy. Agzalýan hasabatda hem onuň aýdan bu sözi ýatladylýar.

Jemgyýetçilik palatasynyň agzalýan komiteti, öz hasabatyny taýýarlan mahaly, bilermenler we hünärmenler bilen aýratynlykda maglumatlary ýygnapdyr. Lüton atly şäherde musulman ýaşlaryň bir topary bilen ýörite gürrüňdeşlik geçirilipdir we, ondan daşgaryn öz arasynda bolşy ýaly, umumy jemgyýetde kemsidilen we gysyşlara uçran zenanlary gözläp tapypdyr.

Barlagyň netijeleri, musulmanlara şeýle çemeleşilmeginiň gaty köp adamlary öz işleýän ýerindäki ýagdaýlaryň üstünden arz etmekden gaça durmaga iterýändigini aýan edipdir.

Käbir halatlarda bolsa musulman aýal-gyzlar, diňe gije wagty ýola çykmaga mejbur etmeýän işleri tapyp, şeýle edaralara ýüz tutmaga synanyşýarlar. Bu bolsa soňky döwürde musulman aýal-gyzlara garşy ýolda-yzda edilýän hüjümleriň artandygy sebäplidir.

"Bu ýurtda her kim..."

Hasabaty taýýarlaýan mejlisiň hususy komitetiniň başlygy Maria Miller: "Adamlaryň özleriniň musulman zenanlary ýekirmegine... ýekirmek diýip düşünmeýändigini görkezýän gaty ýerlikli deliller bar... Aýal-gyzlaryň bir bölegine beýlekilerden köp raýdaşlyk görkezip bilmersiňiz. Bu ýurtda hemmeler şol bir kanuna tabyndyr we musulman aýal-gyzlaram beýleki zenanlar ýaly islegine görä geýnip bilerler. Olar hut munuň üçin kemsitmä duçar edilmeli däldir" diýýär.

Komitetiň başlygy musulman zenanlaryň göz-görtele "institusional milletparazlyga" sezewar edilýändigini nygtaýar.

Duýduryş

Mejlisiň komiteti ýene bir ugurdan hem duýduryş berýär. Komitetiň pikrine görä, hökümetiň has owal mekdeplerde durmuşa geçiren "çäre görmek" strategiýasy musulmanlaryň ýekirilmegini hasam çuňlaşdyryp, jemgyýetde dartgynlylygy artdyrýar. Şol strategiýa görä, mugallymlar haçan-da [okuw jaýynda kimdir biriniň] bolup biläýjek radikallaşmak howpunyň alamatlaryny duýan mahaly, derrew ony habar bermäge borçly edildiler:

"Komitetiň pikrine görä, musulmanlaryň iş üpjünçiligine goldaw bermek bilen - ekstremizme garşy görülýän aýgytly çäreleriň arasynda tapawut bolmaly".

Ol şol bir wagtyň özünde barlagy geçiren toparyň ilkibaşda musulman toparlar bilen duşuşmakda gaty uly kynçylyk çekendigini belläpdir. "Olar biziň mejlisden gelendigimizi eşidende, biziň "Takyklama strategiýasy" bilen baglanyşyklydygymyzy çak edipdirler. Bizem olara soň özümiziň komitet hökmünde hökümet bilen hiç hili arabaglanşygymyzyň ýokdugyny gaty gowy aýyl-saýyl edip düşündirmeli bolduk" diýip, ol sözleriniň üstüni ýetirýär.

XS
SM
MD
LG