Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň gündogarynda goşa partlama boldy


Gündogar Türkiýe
Gündogar Türkiýe

Türkiýäniň gündogarynda polisiýa stansiýasynyň golaýynda iki sany ulagda goýlan bomba partladyldy.

18-nji awgustda irden Wan atly ýerde polisiýa stansiýasynyň daşynda partladylan bomba zerarly üç adam wepat boldy we 40 çemesi adam ýaralandy. Birnäçe sagatdan soň ikinji partlama Elazig şäherindäki polisiýa bölümine zarba urdy we üç adamyň ölümine hem 50 çemesi adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Iki şäheriň häkimiýetleri hüjümlerde ýurtda gadagan edilen “Kürdüstanyň işçi partiýasyny” (PKK) aýypladylar. Emma hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Wanyň häkiminiň orunbasary Mehmet Parlak binalaryň öňünde awtoulaglary goýan “söweşijileriň” tussag edilendigini we sorag ediljekdigini ýerli žurnalistlere aýtdy.

2015-nji ýylda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyk bozulaly bäri Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri günde diýen ýaly PKK bilen konfliktlere sezewar bolýarlar.

“Kürdüstanyň işçi partiýasyny” ýagny PKK 1984-nji ýylda garaşsyzlyk ugrunda ýaragly göreşini yglan etdi. Şondan bäri ýüze çykýan zorluklar zerarly 40 müň çemesi adam wepay boldy.

XS
SM
MD
LG