Sepleriň elýeterliligi

Rio: Gazak boksçysy ýurduna altyn medal getirdi


Daniýar Ýeleussinow (c)

Daniýar Ýeleussinow (c)

Gazagystanly boksçy Daniýar Ýeleussinow Özbegistanly Şahram Giýasowdan üstün çykyp, 17-nji awgustda olimpik baýragyny gazandy we Gazagystana yzly-yzyna dördünji altyn medal getirdi.

Ilkinji gezek ýurduň boksçylary Olimpia oýunlarynda dört gezek yzly-yzyna altyn medal gazandylar. Gazagystanly Serik Sapiýew 2012-nji ýylda Londonda, Bahyt Sarsekbaýew 2008-nji ýylda Pekinde we Bahtiýar Artaýew 2004-nji ýylda Afinlerde ýeňiş gazanypdy.

“Bu Gazagystanyň abraýy. Men ony ýene tassykladym” diýip Ýeleussinow aýtdy.

Gazagystanly janköýerler Ýeleussinowyň ýeňişini giňden dabaraladylar.

XS
SM
MD
LG