Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň polisiýasy telekeçilere reýd geçirdi


Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri
Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri

Türkiýäniň polisiýasy geçen aýda ýurtda agdarylyşygy amala aşyrmak synanyşygynda aýyplanýan adamlary yzarlamagyny dowam etdirýär.

Stambulyň howpsuzlyk güýçleri 18-nji awgustda 100 çemesi ýerde reýd geçirdiler we sany mälim edilmedik adamy tussag etdiler.

Prokurorlar 187 adamy tussag etmek boýunça resminama çykardylar, olardan aglaba köpüsi telekeçilik we maliýe pudagyndan. Bu adamlar ýurduny terk edip, ABŞ-da ýaşaýan dinçi Fethullah Guleni maliýeleşdirmekde aýyplanýarlar. Türkiýäniň häkimiýetleri Guleni agdarylyşyk boýunça dildüwüşikligi gurnamakda aýyplaýarlar.

Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Gulen 15-nji iýulda bolan we 340 adamyň ölümine sebäp bolan gozgalaňa gatnaşygyny doly ret edýär.

Premýer-ministr Binali Ýildirimyň 17-nji awgustda aýtmagyna görä, derňewler bilen baglylykda 40 029 adam saklanypdyr we olardan ýarysy tussag astynda saklanýar.

XS
SM
MD
LG