Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň Çarwa oýunlarynyň açylyşyna gatnaşmagyna garaşylýar


Bütindünýä çarwa oýunlaryna gatnaşjak gyzgyz toparynyň ýörite geýimi

Bütindünýä çarwa oýunlaryna gatnaşjak gyzgyz toparynyň ýörite geýimi

Türkmenistanyň prezidenti Gyrgyzystanda 2-nji Bütindünýä çarwa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar, diýip gyrgyz mediasy habar berýär.

AKIpress agentligine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji sentýabrda Yssyk kölüň kenarynda geçiriljek oýunlarynyň açylyş dabarasyna Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň çakylygy boýunça barar.

Gyrgyzystanyň inisiatiwasy bilen döredilip, Merkezi Aziýa halklarynyň çarwa milli sport görnüşlerini öz içine alýan bu halkara ýaryşynyň birinji gezek 2014-nji ýylyň sentýabrynda Yssyk kölde geçirilendigi we oňa jemi 17 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşandygy habar berilýär.

Şu ýyl Bütindünýä çarwa oýunlaryna jemi 40 ýurduň gatnaşjakdygy bellenýär.

XS
SM
MD
LG