Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet eýran bazasyny 'diňe ýangyç üçin ulnaýar'


 Orsýetiň Su-34 uçary
Orsýetiň Su-34 uçary

Eýran resmileri rus uruş uçarlarynyň Eýranyň howa bazasyny ulanýandyklaryny boýun aldylar, emma olaryň bu ýeri diňe ýangyç guýmak üçin peýdalanýandyklaryny aýdyp, rus goşunlarynyň eýran topragynda ýerleşendigini ret etdiler.

Eýran parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komitetiniň başlygy Alaeddin Boroujerdi 17-nji awgustda rus uruş uçarlarynyň gyrak-çetdäkiŞahid Nojeh howa bazasyny ulalanýadygyny, bu ýeriň demirgazyk-günbatar Eýranyň Hemadan şäherinden 50 km çemesi uzaklykda ýerleşýändigini aýtdy.

Ol Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň Orsýetiň bu howa bazasyny ulanmagyna rugsat berendigini aýtdy.

"Eýran Yslam respublikasynyň territoriýasyndarus goşunlarynyň ýerleşdirilen ýeriýok" diýip, Boroujerdi sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňky iki günde çykan habarlara görä, rus uçarlary «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň Siriýadaky nyşanalaryna zarba urmak üçin Eýranyň Hemadandaky howa bazasyny ulandy. Ýöne bu habarlardan Orsýetiň anyk haýsy bazalary ulanýandygy aýdyň bolmady.

Orsýetiň Goranmak ministrligi birnäçe Su-34 uçarynyň, 17-nji awgustda Siriýanyň Deýr al-Zor welaýatyndaky nyşanalary urmak üçin Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Hemadan howa meýdanyndan asmana galyp,soň olaryň hemmesiniň sag-aman yzlaryna dolanyp gelendiklerini aýtdy.

Ministrligiň beýanatynda 150-den gowrak jeňçiniň, şol sanda daşary ýurtly hakyna tutulan söweşijileriň öldürilendigi aýdyldy.

Siriýada çap bolan habarlarda rus we siriýa hökümetiniňpitneçileriň elindäki Idlib şäherine uran zarbalarynda 17 adamyň öldürilip, azyndan 30 adamyň ýaraly bolandygy aýdyldy. Bu habary regionyň graždan goranyş şahamçasy ýaýratdy.

Siriýanynyň Londonda ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy bolsa bu hüjümlerde onlarça graždan adamyň öldürilendigini ýa ýaraly bolandygyny habar berdi.

Şu aralykda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýranyň harby bazasynyň Siriýada zarba urmakda ulanylmagyny gorap,Birleşen Ştatlaryň bu BMG-niň rezolýusiýalarynyň bozulmagy dälmi diýen pikirini ret etdi.

Eýran parlamentiniň spikeri Ali Larijani bolsa 17-nji awgustda Orsýetiň Eýranda hemişelik harby bazasy ýok diýdi we TähranyňMoskwa bilen gowy hyzmatdaşlygynyň bardygyny nygtap, biz muny gaty hem açyk aýdýarys diýdi.

Şeýle-de Larijani Eýranyň konstitusiýasynyň ýurtda daşary ýurt güýçlerine harby baza berilmegini gadagan edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG