Sepleriň elýeterliligi

Dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene gymmatlady


Türkmenistanyň manady we ABŞ dollary.

Türkmenistanyň manady we ABŞ dollary.

Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene-de gymmatlap, geçen hepdeden bäri 35% çemesi ýokarlandy. Bir hepde mundan ozal paýtagt Aşgabatda bir dollar 4,00 -4,10 manatdan satyn alnyp, 4,60-4,70 manatdan satylan bolsa, häzir “gara bazarda” bir dollara 5,40 manat berilýär, degişlilikde bir dollar-da 5,90-6,00 manada satylýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda dollaryň hökümet tarapyndan kesgitlenen nyrhy 3,50 manada deň bolsa-da, mundan bir aý çemesi ozal dollaryň “gara bazaryndaky” nyrhy 7 manada çenli ýetipdi. Emma mundan iki hepde çemesi ozal, dollaryň näresmi nyrhy duýdansyz 45% çemesi pese gaçypdy.

Ýurduň welaýatlarynda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy paýtagtdakydan has gymmat bolup, ol ortaça 0,20 manat tapawutlanýar.

Gelip gowuşýan maglumatlara görä, şu gün, ýagny 18-nji awgustda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň ‘gara bazarynda’ bir dollar 5,40 manada, Mary şäherinde 5,50-5,60 manada, Daşoguz şäherinde 5,60-5,70 manada, Balkanabat şäherinde 5,50-5,60 manada satylýar.

“Birbada dollar alýanlar azalypdy”

Ýerli synçylaryň dollaryň “gara bazaryndaky” söwdagärlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, olar dollaryň näresmi nyrhynyň mundan iki hepde çemesi ozal birbada pese gaçmagyna daşary ýurtda okaýan studentleriň ýurda dolanmagy, dynç alyşa gitmek üçin dollar satyn alýanlaryň azalmagy we ýerli ýokary okuw jaýlaryna studentleri kabul etmek prosesiniň tamamlanmagy sebäp boldy diýýärler.

“Olaryň [söwdagärleriň] aýtmagyna görä, dollary satyn alýan esasy müşderiler çagalary daşary ýurtda okaýanlar ýa-da çagalary daşary ýurda okamaga gitjekler, dynç alyşa gitjek bolýan adamlar. Beýleki bir zerurlyk, ol hem gizlin ýagdaý däl, ýurduň içinde çagaňy okuwa ýerleşdirjek bolsaň-da, juda köp ýagdaýda para-peşgeş bermeli bolýar. Onsoň parany dollar görnüşinde berip, çagasyny okuwa saljak bolýanlar hem dollary satyn aldylar. Indi olaryň sany azaldy. Şonuň üçinem dollar bir bada pese düşdi diýýärler” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Häzirki wagtda ýurtda dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň gaýtadan ýokarlanyp başlanmagyna nämäniň sebäp bolandygy barada anyk maglumat almak kyn bolsa-da, käbir synçylar muny şu günler daşary ýurtlarda okaýan studentleriň öz okaýan ýurtlaryna dolanyp başlamagy bilen baglanyşdyrýarlar. Munuň netijesinde dollary satyn alýan türkmenistanlylaryň sanynyň köpelendigini aýdýarlar.

Çäklendirmeler

Ýeri gelende aýtsak, 2014-nji ýylda hökümetiň öz alyş-çalyş nokatlarynda dollar söwdasyna her dürli gadagançylyklaryň girizilip başlanmagy bilen, daşary ýurt walýutasyna bolan talap “gara bazaryň” täzeden janlanmagyna getirdi.

Şu ýylyň başyndan bolsa, dollaryň nagt görnüşdäki resmi satuwynyň doly ýatyrylmagy we dollar almakçy bolýanlardan iş ýerlerinden sprawkalaryň talap edilmegi netijesinde daşary ýurt walýutasynyň näresmi kursy ýokarlanmak bilen boldy.

Şol bir wagtda türkmen resmileri “gara bazaryň” öňüni almak maksady bilen, geçen ýylyň aýagynda daşary ýurt pullary bikanun satylanda we satyn alnanda, kanunyň öňündäki jogapkärçiligi has berkidip, Türkmenistanyň “Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky” Kodeksine degişli düzedişleri girizdiler.

Munuň netijesinde daşary ýurt puluny bikanun satýana we satyn alýana girizilýän jerime ençeme esse artdyrylyp, şeýle-de puluň konfiskasiýa edilmegi ýaly täze çäreler girizildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG