Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýada ok atyşygy bes etmäge taýýarlyk bildirdi


17-nji awgustda Aleppo şäherinde alnan wideo ýazgydan pursat.

17-nji awgustda Aleppo şäherinde alnan wideo ýazgydan pursat.

Orsýet Siriýanyň gabawdaky Aleppo şäherinde howadan edilen hüjümde ýaralanan oglanyň wideosy 18-nji awgustda internetde peýda bolansoň ok atyşygy bes etmek baradaky 48 sagatlyk arakesmä razylyk berdi.

Wideoda tiz kömek ulagynda oturan ýüzi gana, tozana bulaşan oglanjygyň gorkudan doly ýadaw gözleri Siriýanyň hökümet güýçleriniň orsýet uçarlarynyň goldawyna daýanyp ençeme aýlap gabawda saklaýan gozgalaňçylaryň galasy hasaplanýan şäherdäki aýylgançlyklary alamatlandyrdy.

Giň ýaýran bu wideonyň döreden halkara reaksiýasy geçen ýylda Türkiýäniň kenarynda siriýaly oglan çagajygyň jesediniň tapylmagynyň döreden täsirini ýada saldy.

“Bu kiçijik oglanyň durmuşynda öz ýurdunyň uruşsyz, ölümsiz, ýykan-ýumranlyksyz, garyplyksyz ýekeje-de güni bolmady”, diýip ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili John Kirby Aleppodaky oglanjyk barada aýtdy.

Ok atyşygy bes etmek barada indiki hepdede boljak arakesmäniň Aleppo ynsanperwer kömegini bermäge ýardam berjekdigini we indiki arakesmeler üçin “synag proýekti” boljakdygyny Orsýetiň generaly Igor Konaşenkow 18-nji awgustda aýtdy.

Konaşenkow Orsýetiň BMG-niň şähere kömek bermegine ýardam etmäge taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG