Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň içeri işler ministri nikaby çäklendirmegi teklip etdi


Germaniýa
Germaniýa

Germaniýanyň kanun goraýjy baş resmisi dinçi musulman zenanlarynyň ulanýan ýüz örtgüsi nikabyň geýilmegini belli bir derejede gadagan etmegi teklip etdi.

Içeri işler ministri Thomas de Maiziere Germaniýanyň telewideniýesinde 19-njy awgusda eden çykyşynda konserwatiwler “jemgyýetimiziň durmuşy üçin möhüm ýerlerde resmi edaralarda, mekdeplerde, uniwersitetlerde, jemgyýetçilik gulluklarda we sudlarda adamlaryň ýüzlerini görkezmegini talap etmek boýunça kanuny öňe sürmek barada ylalaşdylar”, diýdi.

Mundan öň kansler Angela Merkel nikap geýýän zenanlaryň “integrasiýa üçin mümkinçilikleriniň ujypsyzdygyny aýtdy.

Germaniýada dört million çemesi musulman ýaşaýar. Emma musulman zenanlardan näçesiniň nikap geýýändigi barada san berilmeýär.

XS
SM
MD
LG