Sepleriň elýeterliligi

Rio: Eýranly zenan ýurduna bürünç medal getirdi


Eýranly Kimia Alizadeh, Rio de Janeiro, 18-nji awgust, 2016

Eýranly Kimia Alizadeh, Rio de Janeiro, 18-nji awgust, 2016

Eýranly Kimia Alizadeh 18-nji awgustda taekwondo boýunça şwesiýaly bäsdeşinden üstün çykyp, bürünç medal gazandy we Olimpiada baýragyna eýe bolan ilkinji zenan boldy.

18 ýaşly Alizadeh kelle goragynyň üstünden baş örtgi geýip çykyş etdi we 57 kilogram agramly sportsmenleriň toparynda Nikita Glasnowiçden üstün çykyp, 5-1 hasap bilen bäsdeşlikde ýeňdi.

“Men eýranly gyzlar üçin örän bagtly, sebäbi bu ilkinji medal we men indiki olimpik oýunlarynda altyn medal gazanjagymyza umyt edýärin” diýip Alizadeh aýtdy.

Alizadeh iki ýyl mundan ozal Ýaşlaryň Olimpiadasynda ýeňiş gazanypdy we geçen ýylda dünýä çempionatynda bürünç medal gazanypdy.

Aşa konserwatiw Eýranda 1979-njy ýylyň yslam rewolýusiýasyndan soň diňe az sanly zenan Olimpiadalara gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG