Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat Moskwadaky agdarylyşygy nähili garşylady?


GKÇP bilen taryha giren miting, Aşgabat, awgust, 1991 ý.

GKÇP bilen taryha giren miting, Aşgabat, awgust, 1991 ý.

1991-nji ýylyň awgustynda SSSR-iň paýtagtynda bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygy - GKÇP barada türkmen metbugatynda 25 ýyllap suwytly maglumat berilmedi.

Şonda sowet hökümetiniň, sowet harbylarynyň we kommunistik partiýanyň ondan gowrak agzasy sowet prezidenti Mihail Gorbaçýowyň garşysyna başa barmadyk hökümet agdarylyşygyny gurnapdy.

Bu topara Gorbaçýowy öý tussaglygyna höküm eden «sekizler bandasy» hem girýärdi we olar özlerini Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet komiteti – GKÇP diýip atlandyrypdylar.

Azatlyk radiosy bu wakanyň Türkmenistanda garşylanyşy ýa-da onuň adamlaryň ýadynda galan pursatlary barada şol wagt dürli-dürli pozisiýalarda bolan üç aşgabatlynyň pikirini sorady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG