Sepleriň elýeterliligi

'Türkmenistan tussag žurnalistleriň sany bounça Hytaýdan öňde'


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew

Türkmenistan her adam başyna tussag edilen žurnalistiň sany boýunça Hytaýdan öňe çykdy, diýip “The Diplomat” neşiri ýazýar.

Neşriň Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň we Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna salgylanyp, 19-njy awgustda ýazmagyna görä, dünýä boýunça her adam başynda iň köp žurnalisti tussag eden iki ýurt Bahreýn (3.63) we Eritrea (3.18) bolup, üçünji ýerde Türkmenistan barýar.

Türkmenistanda her million adam hasabyndan 2.61 žurnalistiň tussag edilendigi aýdylýar. Şeýle-de Türkmenistandan yzda görkezilen we ilat sany bir milliard üç ýüz müň adamdan geçen Hytaýda 49 žurnalistiň tussag edilendigi bellenýär.

Türkmenistanda 2015-nji ýylyň iýul aýynda tussag edilen Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew awgust aýynda ýapyk sud arkaly tussaglyga höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG