Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Orsýet ok atyşygy wagtlaýyn bes edýär


17-nji awgustda Aleppo şäherinde alnan wideo ýazgydan bir pursat.

17-nji awgustda Aleppo şäherinde alnan wideo ýazgydan bir pursat.

Orsýet, Siriýanyň gabawdaky Halap, ýagny Aleppo şäherinde howadan edilen hüjümde ýaralanan oglanyň wideosy 18-nji awgustda Internetde peýda bolansoň, ok atyşygy bes etmek baradaky 48 sagatlyk arakesmä razylyk berdi.

Wideoda Tiz kömek ulagynda oturan ýüzi gana, tozana bulaşan oglanjygyň gorkudan doly ýadaw gözleri Siriýanyň hökümet güýçleriniň orsýet uçarlarynyň goldawyna daýanyp, ençeme aýlap gabawda saklanylýan gozgalaňçylaryň galasy hasaplanýan şäherdäki aýylgançlyklaryň alamatyna öwrüldi.

Giňden ýaýran bu wideonyň döreden halkara reaksiýasy geçen ýylda Türkiýäniň kenarynda siriýaly oglanjygyň jesedi tapylanda dörän halkara täsirini ýada salýar.

“Bu kiçijik oglanyň durmuşynda öz ýurdunyň uruşsyz, ölümsiz, ýykan-ýumrançylyksyz, garypçylykdan halas ýekeje-de güni bolmady” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili John Kirby Aleppodaky oglanjyk bilen bagly aýdýar.

“Synag proýekti”

Orsýetiň generaly Igor Konaşenkow 18-nji awgustda ok atyşygy bes etmek barada indiki hepdede boljak arakesmäniň Aleppo ynsanperwer kömegi bermäge ýardam etjekdigini we indiki arakesmeler üçin “synag proýekti” boljakdygyny aýtdy.

Konaşenkow Orsýetiň BMG-niň şähere kömek bermegine ýardam etmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu aralykda Orsýetiň harby güýçleri Krymda we ýarymadanyň daşynda “maddy-tehniki türgenleşikleri” geçirýärler. Orsýet Ukrainanyň Gara deňiz kurortyny 2014-nji ýylyň mart aýynda basyp alyp, öz düzümine goşupdy.

Orsýetiň “RIA-Nowosti” döwlet agentligi 18-nji awgustda geçirilen türgenleşiklere guryýer we deňiz güýçleriniň gatnaşandygyny habar berdi.

Şeýle-de, bu türgenleşiklere 2,500 çemesi esger, 350 sany harby ulag, dikuçarlaryň gonmagy üçin niýetlenen uly gämi, suwasty gämi we beýleki harby birleşikler gatnaşýar.

“Sabotaž” hüjümleri

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň berýän maglumatyna görä, 17-nji awgustda Orsýetiň deňizýaka port şäheri Noworossiýskde geçirilýän harby türgenleşiklere goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň hem syn edendigini aýdýar.

Şu aýyň başynda Moskwa Ukrainany Krymda “sabotaž” hüjümleriniň dildüwşügini gurnamakda aýyplansoň, regionda dartgynlylyk güýçlendi. Kiýew Orsýetiň aýyplamalaryny ret edýär.

Soňky hepdelerde Kiýewiň orsýetparaz separatistlere garşy söweşýän gündogar regionlarynda hem hüjümleriň we ýowuzlyklaryň gerimi artdy.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 17-nji awgustda eden çykyşynda “Orsýetiň [Ukraina] doly derejeli harby goşun girizmeginiň” ähtimallygyny aradan aýyrmaýandygyny duýdurdy we ýurduň gündogarynda hem Krymda ýagdaýyň dartgynlaşmagy dowam eden ýagdaýynda “biz ýurtda harby ýagdaý hem mobilizasiýa” yglan etmeli bolarys diýdi.

XS
SM
MD
LG