Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň iň uly howa gämisi uçuşa başlady


“Airlander 10" kysymly howa gämisi

“Airlander 10" kysymly howa gämisi

Dünýäniň iň uly howa gämisi ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Uzynlygy 92 metr bolan gibrid "Airlander 10" kysymly howa gämisi 15 minudyň dowamynda 600 metr belentlige göterilipdir. 6 kilometr belentlikden uçup bilýän howa gämisi, 80 tonna golaý ýük daşamaga we sagatda 150 kilometr çaltlykda uçmaga ukyplydyr.

Howa gämisi üçin Britaniýanyň “Haybrid Eyr Vikls” firmasy 25 million funta çykdaýjy edipdir. Bu uçary ilkinji bolup ABŞ-nyň goşuny almaga isleg bildiripdir.

Bu howa gämisinden gözegçilik maksatlaryna peýdalanjakdygy çak edilýär we munyň üçin onuň adaty uçarlardan has az ýangyç sarp etjekdigi aýdylýar.

Emma harbylar, maksatnamanyň maliýeleşdirilmeginiň tamamlanmagy sebäpli ony graždan awiasiýasyna utgaşykly ýagdaýa getirmegi ýüregine düwüpdirler. Maliýe serişdeleri bolsa, indi jemgyýetlerden we şahsy maýadarlardan gelmäge başlapdyr.

Howa gämisi düzlüge, sähra, buzly ýere we suwuň üstüne arkaýyn gonup bilýär. Adaty uçarlaryň aglabasy diýen ýaly şeýle aýratyn ukyba eýe däldir. Mundan başga-da, howa gämisi uçarmanlar bilen 5 gün, uçarmansyz özbaşyna bolsa 2 hepde asmanda galyp bilýär.

"Airlander 10" kysymly täze howa gämisi, barylmagy gaty kyn ýerlere ynsanperwer ýardamlaryň eltilmegi üçin diýseň amatlydyr.

Eger synaglar üstünlikli netije berse, onda firma 2018-nji ýyla çenli ýene 12 sany şeýle howa gämisini öndürmegi göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG