Sepleriň elýeterliligi

Ýekedaban zyňyjy Nazarow Täjigistanyň ilkinji altyn medalyny gazandy


 Dilşod Nazarow

Dilşod Nazarow

Täjigistanly Dilşod Nazarow 19-njy awgustda Rioda geçýän Olimpiýa oýunlarynda, erkekleriň arasynda ýekedaban zyňmak ýaryşynda Merkezi Aziýa ýurdunyň ilkinji Olimpia altyn medalyny gazandy.

Geçen ýyl Pekinde geçen dünýä çempionatynda kümüş medal gazanan Nazarow ýekedabany 78.68 metre zyňyp, belarusly Iwan Tsikhandan öňe geçdi.

Belarus türgeni ýekedabany 77.79 metre zyňdy.

Polşaly Wojcieç Nowicki ýekedabany 77.73 metre zyňyp, bürünç medal gazandy.

XS
SM
MD
LG