Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan Gülen bilen bagly dört adamy tussag etdi


Türk ruhanysy Fethulla Gülen

Türk ruhanysy Fethulla Gülen

Azerbaýjan häkimiýetleri türk ruhanysy Fethulla Gülen bilen baglanyşykly dört adamy tussag edendigini aýtdy.

Ankara Güleni geçen aýdaky agdarylyşygy synanyşygynda günäleýär. Ady aýdylmaýan dört adam, mobil telefon kompaniýasynda işlemek bilen, abunaçylar baradaky şahsy maglumatlary we olaryň telefon gepleşikleriniň taryhyny geçirip, «wezipesinden bikanun peýdalanmakda» aýyplanylýar.

Bu habar 19-njy awgustda, azeri prokurorlary tarapyndan ýaýradyldy. Aýyplanýanlaryň biriniň öýi dökülende, derňewçiler gadagan edilen dini edebiýatlaryň, Fethulla Güleniň sözlän sözlerini öz içine alýan diskleriň, broşýuralaryň üstünden bardylar diýip, olar aýtdy.

Ankaranyň ýakyn ýarany bolan Baku şu hepdäniň başynda Güleniň goldawçylarynyň garşysyna jenaýat işini açdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Güleniň 15-nji iýulda özüni häkimiýetden agdarjak bolandygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlarda ýaşaýan ruhany muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG