Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň oppozisiýa partiýasynyň agzasy türmeden boşadyldy


Ermeni polisiýasy aktivist David Sanasariany protest sahnasyndan aýyrýar.
Ermeni polisiýasy aktivist David Sanasariany protest sahnasyndan aýyrýar.

Ýerewanyň şikaýat sudy Ermenistanyň “Miras" oppozision partiýasynyň ýene bir öňdebaryjy agzasyny girew esasynda azat etmek kararyny çykardy.

Ol golaýdaky ýygnanyşyga gatnaşmakda aýyplanýar.

19-njy awgustdaky sud, oppozisiýa fraksiýasynyň bir bölegi hökmünde Ýerewanyň Munisipal assambleýasynyň agzasy bolup işleýän David Sanasariany, 1.5 million dram ($3,150) girew goýmak astynda, suda çenli türmeden boşatmaly etdi.

17-nji awgustda bolan sudda «Miras» partiýasynyň başlygynyň orunbasary Armen Martirosian hem girew astynda azatlyga goýberilipdi.

Sansarian we Martirosian 29-njy iýulda, köpçülikleýin bidüzgünçilik gurnamakda aýyplanyp, tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG