Sepleriň elýeterliligi

Gazak oppozisioneri türmeden boşadyldy


Wladimir Kozlow

Gazagystanyň hasaba alynmadyk Alga (Öňe) oppozision partiýasynyň lideriWladimir Kozlow möhletinden öň, şertli ýagdaýda türmeden boşadyldy.

Kozlow Almatynyň golaýyndaky Zareçnidäki türmeden 19-njy awgustda boşadyldy. Ol türmäniň işiginde öz aklawçysy Aýman Umarow, graždan aktiwisti Ýulia Kozlowa dagy tarapyndan garşy alyndy.

Kapşagaý şäher sudy Kozlowyň möhletinden öň boşadylmak baradaky talabyny 4-nji awgustda kanagatlandyrdy, emma bu karar diňe 19-njy awgustda güýje girdi.

Kozlow 2012-nji ýylyň ýanwarynda, Žanaözen şäherindäki nebitçi işçileriň köpçülikleýin iş taşlamagy bilen baglylykda tussag edilipdi.

Bu iş taşlaýyş 2011-nji ýylyň dekabrynda, zorluk bilen soňlandy. Žanaözendäki gozgalaň wagtynda polisiýa azyndan 16 adamy atyp öldürdi, 100-den gowrak adam ýaraly boldy.

Kozlow 2012-nji ýylyň oktýabrynda sosial nägileligi öjükdirmekde günäli tapylyp, 7 1/2 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Kozlow özüne garşy işiň syýasy matlaplydygyny aýdyp geldi.

XS
SM
MD
LG