Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: "Talyban" Hanabady basyp aldy


Owgan howpsuzlyk güýçleri, Gunduz, 7-nji oktýabr, 2015

Owgan howpsuzlyk güýçleri, Gunduz, 7-nji oktýabr, 2015

Owgan «Talybany» 20-nji awgustda hökümet güýçlerini welaýat paýtagtyna yza çekilmäge mejbur edip,demirgazyk-gündogardaky Gunduzyň strategiki etrabyny ele geçirdi.

Pitneçiler bu etraby geçen ýyl hem gysga wagt basyp alypdylar.

«Talyban» etraba dürli pozisiýalardan hüjüm etdi, biz dört sagat garşy durduk, emma goldaw ýetişmedi. Etrap «Talybanyň» eline geçdi diýip, Hanabadyň häkimi Haýatulla Amiri aýtdy.

Jeňçiler Gunduzyň 30 km çemesi uzaklygynda ýerleşýän Hanabady irden basyp aldylar we şol wagt beýleki birnäçe etrapda hem agyr söweşler barýardy diýip, resmiler aýtdylar.

Etrap häkimi Haýatulla Amiri APF habar gullugyna jeňçileriň etraby ele geçirmeginiň birnäçe sagada çekendigini gürrüň berdi.

Ol welaýat gubernatoryndan goşmaça kömek barada edilen haýyşlaryň bitirilmändigini hem sözüne goşdy.

«Talybanyň» sözçüsi Zabihulla Mujahid özleriniň bu etraby harby tehnikalar we ýaraglar bilen bilelikde basyp alandyklaryny aýtdy.

Pitneçiler 20-nji awgustda welaýat paýtagtynyň golaýyndaky ýerlere hem wehim saldylar. Polisiýa resmileriniň sözlerine görä, jeňçiler Gunduzyň Alibad etrabyna hem hüjüm etdiler. Emma owgan howpsuzlyk güýçleri entek bu ýere kontrollugy öz ellerinde saklaýarlar.

Gunduz welaýat geňeşiniň başlygy Mohammad Ýusouf Aýubi asuda ilatdan ýüzlerçe adamyň söweş barýan ýerden gaçyp çykandygyny aýtdy we, eger merkezi hökümet Gunduza üns bermese, geçen ýyl edişi ýaly, «Talyban» ýene Gunduzy basyp alar diýdi.

Hanabadyň ýaşaýjysy Abdul Satar AFP habar gullugyna adamlaryň öý öýlerini, dükanlaryny taşlap gaçandyklaryny,goňşy welaýatlara barýan ýollaryň bolsa bagly bolandygyny gürrüň berdi.

«Talyban» edil bäş gün ozal goňşulykdaky Baglan welaýatynyň bir etrabyny basyp alyp, hökümet güýçleriniň ok-ýaraglaryny ele salypdy.

Günortadaky Helmand, gündogardaky Nangarhar welaýatlarynda hem agyr söweşleriň barýandygy aýdylýar.

Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, howpsuzlyk güýçleri ýurduň 34 welaýatynyň azyndan 15-isinde «Talybana» garşy söweşýärler.

«Talyban» 2015-nji ýylyň sentýabrynda Gunduz welaýatynyň paýtagtyny basyp aldy we bu onuň 14 ýyldaky iň uly ýeňşi bolupdy.

Bu «Talybanyň» 2001-nji ýyldan bäri Owganystanyň uly şäherini ilkinji gezek basyp almagy bolupdy.

Şonda, ABŞ-nyň söweş uçarlary we NATO esgerleri tarapyndan goldanan owgan güýçleri jeňçileri iki hepde soň kowup çykarypdylar.

XS
SM
MD
LG