Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: toýdaky partlamada azyndan 50 adam öldi


Gaziantep: toý dabarasyny nyşana alan bomba hüjüminde azyndan 50 adam öldi.

Gaziantep: toý dabarasyny nyşana alan bomba hüjüminde azyndan 50 adam öldi.

Türk resmileri ýurduň günorta-gündogarynda toý dabarasyny nyşana alan bomba hüjüminde ölenleriň sanynyň 50 adama ýetendigini aýdýarlar.

Ýerli gubernator Aly Ýerlikaýa Gaziantep şäherinde 20-nji awgust güni giçlik bolan «terror hüjüminde» ölenleriň şu gün, 21-nji awugstda 50 adam bolandygyny aýtdy.

Ozal bu hüjümde 30 adam öldi, 94 adam bolsa ýaralandy diýen habar çykypdy.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan bu hüjümiň arkasynda “Yslam döwleti» jeňçi toparynyň duran bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Ol bu hili hüjümleriň maksady Türkiýede etniki we dini agzalalygy öjükdirmekden ybarat diýdi.

Premýer-ministriň orunbasary Mehmet Simsek bu «wagşy» hüjümiň janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylana meňzeýändigini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Gaziantep Siriýanyň serhedinden 64 km çemesi uzaklykda ýerleşýär.

Türkiýäniň kürtleriň köplük bolup ýaşaýan ýeri bolan günorta-gündogarynda geçen ýyl ençeme ganly partlama boldy. Bu partlamalar ýa kürt separatist jeňçileri, ýa-da YD topary bilen baglanyşykly hasaplanyldy.

XS
SM
MD
LG