Sepleriň elýeterliligi

Rio: Brazil futboldan ilkinji altyn medalyny gazandy


Orsýetiň gandbolçy zenanlary, Fransiýany 22-19 hasabynda ýeňip, özleriniň ilkinji olimpiýa altynlaryny aldylar.

Orsýetiň gandbolçy zenanlary, Fransiýany 22-19 hasabynda ýeňip, özleriniň ilkinji olimpiýa altynlaryny aldylar.

Rio oýunlarynyň beýemçisi Brazil Germaniýany jerime urgularynda utup, özleriniň ilkinji olimpik altyn medalyny gazandy.

20-nji awgust Orsýet üçin hem örän gowy gün boldy we rus türgenleri soňuna golaýlan Olimpia oýunlarynda ýene dört sany altyn medal gazandylar.

Rionyň Marakana stadionynda, 78 müňüň öňünde, Neýmaryň jerime pökgüsini urmagy bilen, Brazil Germaniýany jerime urgularynda 5-4 hasabynda ýeňmegi başardy.

"Bolany şu" diýip, Barselonanyň hüjümçisi Neýmar aýtdy. «Biz taryha girdik."
Bu oýun goşmaça wagtdan soň hem 1-1 hasabynda tamamlanypdy.

Brazil komandasy iki ýyl mundan öň Brazilde Dünýäniň futbol çempionatynda özüniň iň agyr ýeňlişine sezewar bolupdy, şonda Germaniýa Dünýäniň bäş gezek çempiony bolan komandany ýarym finallarda 7-1 hasabynda utupdy.

Nigeria 2016-njy ýylyň Olimpia oýunlarynda Hondurasy 3-2 hasabynda utup, özleriniň ilkinji olimpia medalyny, ýaryşyň bürünç medalyny gazandy.

Şu aralykda Orsýetiň gandbolçy zenanlary, Fransiýany 22-19 hasabynda ýeňip, özleriniň ilkinji olimpiýa altynlaryny aldylar.

Orsýetli Aleksandr Lesun, dünýä rekordyny goýan türgen, erkekleriň arasynda modern pentathlon – bäş ugur ýaryşynda altyn medal gazandy. Lesun ýüzmekde, gylyçlaşmakda, bökmekde we soňunda ylgap, nyşana ok atmakda jemi 1,479 utuk gazandy.

"Men diňe öz işimi etdim" diýip, Lesun ýaryşdan soň aýtdy.

Şeýle-de Lesun iki gezek dünýä çempiony we iki sany dünýä rekordyny goýan türgendir.

Orsýetli Abdulraşid Sadulaýew 86 kg agramda çykyş edip, erkekleriň erkin göreşinde özüniň ilkinji altyn medalyny gazandy.

«Ors tanky» diýen lakamly, 20 ýaşyndaky türgen Türkiýäniň Selim Ýasaryny 5-0 hasabynda utup, Orsýetiň Rio oýunlarynda göreş boýunça alan üçünji altyn medalyny gazandy.

Olimpia oýunlarynyň bürünç medallary azerbaýjanly Şarif Şarifowa hem-de amerikaly J'Den Koksa gitdi.

20-nji awgustda Serbiýanyň komandasy hem erkekleriň arasynda suw polo ýaryşy boýunça ilkinji altyn medalyny gazandy.

Serbiýaly atletler 20-nji awgustda ýene iki medal gazandy, aýallaryň woleýbol ýaryşynda – altyn, basketbol ýaryşynda bolsa – bürünç.

Azerbaýjanly, 26 ýaşyndaky Radik Isaýew 80 kg agramda, erkekleriň arasynda taýekwonda ýaryşynda ýeňiji bolup, altyn medal gazandy.

Eýranly Komeil Ghasemi125 kg agramda erkekleriň arasynda erkin göreş bäsleşigine gatnaşyp, türkiýeli Taha Akguldan ýeňlip, kümüş medal aldy.
Belarusly Ibrahim Saidau we gürjüstanly Geno Petriaşwili bürünç medal gazandy.

Orsýetli Wladimir Nikitin we özbegistanly Murodjon Akhmadaliýew bokslaşmakda bürünç medal aldylar.

Ýene bir özbek - Bektemir Melikuziýew erkekleriň arasynda ortaça agramda bokslaşmakda kümüş medal gazandy, azerbaýjanly Kamran Şahsuwarly bolsa bürünç medal utdy.

XS
SM
MD
LG