Sepleriň elýeterliligi

Erdogan: Türkiýe Krymyň 'basylyp alynmagyny' ykrar etmez


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ukrain kärdeşi Petro Poroşenkony Ankaranyň Krymy, Orsýet tarapyndan bikanun anneksiýa edilen sebiti, ozalkysy ýaly, Ukrainanyň territoriýasy diýip hasaplajagyna ynandyrdy.

Ukrain prezidentiniň metbugat gullugy 20-nji awgustda Erdoganyň Poroşenko bilen telefonda gürleşendigini habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, Erdogan Türkiýäniň ukrain garaşsyzlygyna we toprak bütewiliginiň eldegrilmesizligine, halkara ykrar edilen serhetlerine goldawy babatdaky pozisiýasyny üýtgetmändigini aýdypdyr.

Şeýle-de Erdogan Ankaranyň «Krymyň basylyp alynmagyny» ykrar etmejekdigini, krym tatarlaryny bolsa mümkin bolan ähli ugurlarda goldajakdygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG