Sepleriň elýeterliligi

Awstriýanyň Ýokary sudy Firtaşyň şikaýatyny ret edýär


Dmitro Firtaş

Dmitro Firtaş

Awstriýanyň Konstitusiýa sudy ukrain biznesmeni Dmitro Firtaşyň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmezlik üçin eden şikaýatyna seretmekden boýun gaçyrdy.

Firtaş Birleşen Ştatlarda korrupsiýa aýyplamalarynda aýpylanýar.

Firtaş suda ABŞ-Awstriýa arasyndaky ekstradisiýa şertnamasynyň konstitusiýa ters gelýändigini ykrar etmek baradaky arza bilen ýüzlenipdi.

"Deutsche Welle" suduň bu işe seretmekden ýüz öwrendigini 19-njy awgustda habar berdi.

ABŞ resmileri Firtaşy Hindistanda titan gazyp almak üçin 18.5 million amerikan dollary möçberinde para berenligi sebäpli ekstradisiýa etmäge çalyşýarlar.

51 ýaşyndaky Firtaş Gazprom bilen bilelikde, Şweýsariýada hasaba alnan we Türkmenistandan Gündogar Ýewropa tebigy gaz eksport edýän RosUkrEnergo kompaniýasynyň egindeş eýesidir.

Şeýle-de ol Ukrainadaky titan biznesiniň uly bölegine kontrolluk edýär we ýurduň iň baý adamlarynyň biri bolup durýar.

XS
SM
MD
LG