Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öz howa-gorag sistemasyny döretdi


Prezident Hassan Rohani
Prezident Hassan Rohani

Eýran ýurt içinde öndürilen ilkinji uzak aralyk raketa gorag sistemasynyň şekillerini çap etdi.

21-nji awgustda Eýranyňbirnäçe gazetinde peýda bolan fotosuratlarda prezident Hassan Rohaniwe goranmak ministri Hossein Dehghan goranyş sistemasynyň öňünde durlar.

Rohani täze howa goragy sistemasynyň işlenip taýýarlanylan desgasynyň içine aýlanyp gördi diýip, döwlet mediasy habar berdi.

Dehghan «Bavar-373» gorag sistemasynyňganatly raketalary, dronlary, söweş uçarlaryny we ballistik raketalary tutmak üçin niýetlenilendigini aýtdy.

Rohany telewideniýede berlen sözünde Eýranyň harby býujetiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden gowrak köpeldilendigini aýtdy.

"Eger biz dünýä döwletleri bilen gepleşik stolunyň başynda gürleşip bilýän bolsak, bu biziň milli kuwwatmyz, milli bütewiligimiz sebäplidir» diýip, Eýranyň prezidenti aýtdy.

Şeýle-de ol 21-nji awgustda Eýranyň söweş uçarlary üçin ýasan ilkinji motoryny açdy.

XS
SM
MD
LG