Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak YD gyrgynçylygy üçin 36 erkegi asdy


Speýçer harby bazasyndaky gyrgyn pidalarynyň mazarlary
Speýçer harby bazasyndaky gyrgyn pidalarynyň mazarlary

Yrak «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň hatarynda 2014-nji ýylda harby gulluga alnanlaryň ýüzlerçesiniň gyrylmagyna gatnaşan 36 erkegi asyp öldürdi diýip, resmiler aýtdylar.

Bu adamlar 21-nji awgustda, günortadaky Hikar welaýatynyň Nasiriýa türmesinde jezalandyryldy.

YD 2014-nji ýylda demirgazykdaky Tikrit şäherini ele salanda, Speýçer harby bazasyndaky 1700 çemesi esgeri ýesir aldy.

Ekstremist topar soňra ol esgerleriň atylyp öldürilişini görkezýän suratlary çap etdi.

Nasiriýada asylan adamlar 2015-nji ýylda, yrak güýçleri Tikriti yzyna alanda tutuldy. Yrak sudy olary ýylyň başynda ölüme höküm etdi.

XS
SM
MD
LG