Sepleriň elýeterliligi

Argentinanyň sudy “Lorka jenaýatyny” derňeýär


İspan şahyry Federiko Garsia Lorka.

İspan şahyry Federiko Garsia Lorka.

Argentinanyň kazyýeti, Federiko Garsia Lorka atly ispan şahyrynyň ölüm sebäbini derňemäge başlapdyr. Bu derňew işi Argentinanyň taryhy baýlyklary goramak bileleşiginiň tagallasy bilen ýola goýlupdyr.

Sülçi Maria Serwini 1936-njy ýylda Lorkanyň Grenadada ýitirim bolmagy bilen baglanşykly arza-şikaýaty kabul edipdir. Bileleşigiň ýolbaşçysy Emilio Silva BBC-ä beren beýannamasynda, şahyryň ölümi bilen baglanyşykly şeýle arzalaryň Ispaniýanyň resmi edaralaryna hem berendiklerini aýdypdyr.

Sülçi Maria Serwini Ispaniýadaky graždanlyk urşy mahalynda bolan köpsanly jenaýatlaryň derňelmegi baradaky kazyýet işleriniň alnyp barylmagy bilen tanymal bolan ýuristdir.

Ispan şahyry we dramaturgy, kompozitory hem grafika-suratkeşi Federiko Garsia Lorka, 20-nji asyr ispan medeniýetiniň iň tanymal medeni işgärleriniň biridir. Ol Ispaniýada graždanlyk urşy mahalynda, Franko garşy gozgalaňda onuň tarapdarlary bolan milletparazyň eden hüjüminde öldürülipdir. Ýöne onuň nähili ölendigi bolsa henizem nämälimdir. Franko 40 ýyldan gowrak möhlet bilen häkimiýetde oturypdy.

Şahyryň nähili ölendigi barasynda şu wagta çenli diňe çaklamalar bardyr. Hakykat ýüzünde bolsa ol diňe ýitirim edilipdir. 2008-nji ýylda Lorka bilen bilelikde atylan mugallymyň agtygy onuň meýidiniň anyklanmagy üçin, doganlyk mazarynyň açylmagyny isläpdir. Şol wagta çenli Lorkanyň jesediniň hem şol gonamçylykdadygyna ynanypdyrlar. Ýöne mazarlar açylanda, Lorkanyň meýidiniň galyndylary ol ýerde ýok ekeni.

Ýeri gelende ýatlasak, Ispaniýada baran graždanlyk urşy ýyllarynda iki tarapyň ýitgisi bilelikde hasap edilende 500 müňden köp adam heläk bolupdyr.

XS
SM
MD
LG