Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaýsiýaly aýdymçy yslama dil ýetirmekde aýyplanýar


Malaýziýanyň polisiýasy, Kuala Lumpur
Malaýziýanyň polisiýasy, Kuala Lumpur

Malaýsianyň polisiýasy meşhur aýdymçynyň öz aýdymynda yslama hormat goýmandygy aýdylyp, edilen şikaýatlardan soň ony tussag etdi.

Milli habar agentlikleriniň habar bermegine görä, hakyky ady Wee Meng Çee emma Namewee ady bilen tanalýan aýdymçy 21-nji awgustda Kuala Lumpuryň halkara aeroportunda tussag edilipdir.

Ilkinji gezek iýul aýynda görkezilen “Wah meniň hudaýym” atly aýdymynyň wideosynda aýdymçy we beýleki aýdymçylar buddist, daos ybadathanalarynda, şeýle-de hristian kilisesinde we metjitde aýdym aýdyp tans edýärler.

Ençeme topar polisiýa şikaýat edip, wideonyň yslamy kemsidýändigini aýtdy. Emma aýdymçy öz aýdymynyň dini sazlaşygy wagyz etmek maksadyny öz öňünde goýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG