Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan Gyrgyzystan bilen serhedini ýapdy


Özbegistanyň Gyrgyzystan bilen serhedindäki "Dostluk" geçelgesi

Özbegistanyň Gyrgyzystan bilen serhedindäki "Dostluk" geçelgesi

Özbegistan garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri sebäpli Gyrgyzystan bilen serhedini wagtlaýyn ýapdy.

Gyrgyzystanyň serhet gözegçilik gullugy serhediň 22-nji awgustda ýapylandygyny aýtdy.

Serhet gullugynyň aýtmagyna görä, serhediň ýapylmagyndan öň Özbegistana geçen gyrgyz raýatlaryna yzyna dolanmaga mümkinçilik beriler. Şeýle-de daşary ýurtlularyň, diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň serhetden geçmegine rugsat beriljekdigi aýdylýar.

Serhediň haçan açyljagy aýdylmaýar.

Özbegistan garaşsyzlyk baýramyny 1-nji sentýabrda belleýär.

XS
SM
MD
LG