Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öz bazalarynyň Orsýet tarapyndan ulanylmagynyň bes edilendigini aýtdy


Eýranyň goranmak ministri Hossein Dehghan
Eýranyň goranmak ministri Hossein Dehghan

Eýranyň daşary işler ministrligi Hamadan howa bazasynyň Orsýetiň howa güýçleri tarapyndan ulanylmagynyň häzirlikçe bes edilendigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Bahram Ghasemi 22-nji awgustda eden çykyşynda "Orsýetiň Eýranda bazasy ýok we ol bu ýerde ýerleşmeýär. Olar operasiýalaryny amala aşyrdy we tamamlady" diýdi, diýip Tasnim täzelikler neşiri habar berdi.

Munuň öňüsyrasynda Eýranyň goranmak ministri Orsýeti Siriýadaky howa hüjümlerini amala aşyrmak üçin Eýranyň harby bazalaryny ulanmagy barda köpçülige habar bermegini tankyt etdi we muny “salyhatly däl” diýip atlandyrdy.

Eýranyň döwlet telewideniýesi general Hossein Dehghanyň “Orsýet özüniň kuwwatlydygyny görkezmäge çalyşýar” diýip aýdandygyny 22-nji awgustda habar berdi.

Dehghanyň bu çykyşy Orsýetiň Siriýada amala aşyrýan howa hüjümleri üçin geçen hepdede Eýranyň howa bazalaryny ulanyp başlamagyndan soň Tähran tarapyndan basyşlaryň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Tähran we Moskwa Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýarlar.

Geçen hepdede Eýranyň kanun çykaryjylarynyň topary Orsýetiň Eýranyň bazalaryny ulanmagynyň ýurtda daşary ýurt harbylarynyň bolmagyny gadagan edýän baş kanuna ters gelýändigini aýdyp protest bildirdiler.

Dehghan Eýranyň “Hamedan” howa bazasynda Orsýetiň söweş uçarlarynyň ýerleşmeýändigini 20-nji awgustda aýdypdy. Ol orsýet uçarlarynyň bazany “duralga” hökmünde ulanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG